S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenoba hojalyk uniwersitetinde ýaş alymlaryň Ylymlar gününe bagyşlanan ylmy taslamalarynyň iki günlük Sergi-bäsleşigi geçirildi. Bu ýerde oba hojalyk önümçiliginiň ähli pudaklaryna gönükdirilen taslamalar tanyşdyryldy.
Weterinariýa bölüminiň 5-nji ýyl talyby Arslan Meredowyň we onuň ylmy ýolbaşçysynyň taýýarlan taslamasynda ary balynyň önümçiligini artdyrmagyň usullary beýan edilýär. Taslamanyň maksady çal balarylary bilen ýerli balarylarynyň tohumlaryny garyp, alnan täze ary maşgalalaryny peýdalanmakdyr.
Sergide gür ülje baglygynyň kiçeňräk görnüşdäki nusga-maketi hem bolup ony taýýarlan agronomçylyk bölüminiň 4-nji ýyl talyby Rüstem Işangulyýew peýwendi ülje daragtlarynyň hasylynyň köpelmeginden başga-da olaryň esasy aýratynlygynyň ýerasty kök ulgamynyň has ýaýrawly häsiýetlidigini nygtaýar.
Sergide görkezlýän taslamalaryň birnäçesi pagtaçylyk pudagyny we onuň esasynda dokma senagatyny ösdürmäge bagyşlanypdyr. Uniwersitetiň 4-nji ýyl talyby Baýhan Joraýewiň ylmy ýolbaşçysy bilen bilelikde hödürlän taslamasy pagta süýümine sintetik polimer materiallary goşmak bilen berk sapaklary almak baradadyr.
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek bölüminiň 2-nji ýyl talyby Gülbahar Mämmetnurowanyň taslamasy peýnirleriň önümçiliginde artyk galýan suwuklykdan peýdaly içgileri taýýarlamagyň usullaryny teklip edýär.
Sergide ýüpekçiligi, galla, gök önümleri, miweçiligi şeýle-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlaryny ösdürmäge bagyşlanan taslamalar hem görkezildi. Olaryň birnäçesi oba hojalygyny sanlylaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda doly derejede awtomatlaşdyrylan «akylly şitilhanalary», «akylly ammarlary», ulag duralgalaryny belläp geçmek ýerliklidir. Taslamalaryň awtorlary dronlar arkaly ─ ýerden dolandyrylýan uçujy gurallaryň kömegi bilen mallaryň örülerine we ekerançylyk meýdanlaryna gözegçiligi ornaşdyrmagy maslahat berýärler. Talyplaryň ylmy işlerinde oba hojalyk kärhanalarynda energiaýanyň alternatiw çeşmelerini — ýel energiýasyny, Gün batareýalaryny we beýlekileri ulanmak boýunça birnäçe täze, özboluşly pikirler öňe sürülýär.
Çäräniň ahyrynda ýeňijileriň we sylaga mynasyp bolanlaryň atlary yglan edildi.