Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 7 – 12-nji synplarda okaýan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşigini yglan etdi.
Çäräniň maksady zehinli ýaşlary ýüze çykaryp höweslendirmek, täze tehnologiýalara we innowasiýalara gyzyklanma döretmekdir. Bäsleşigiň çäginde okuwçylar iki ýaryşyň birine: «Akylly öý» ýa-da «Robototehnika» boýunça taslama gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin, okuwçylar 2024-nji ýylyň 23-nji noýabryna çenli https://forms.gle/exCfb7BCqR5gUxKDA gysga salgylanma boýunça deslapdan hasaba durmalydyr. Çäre 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler. Bäsleşik işlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden ybarat eminler tarapyndan baha berler.
Emin agzalarynyň karary bilen iki görnüşli ýaryşyň hersinde birinji, ikinji we üçünji orny eýelän okuwçylara Hormat hatlary we bäsleşigiň guramaçylarynyň gymmatly sowgatlary gowşurylar. Bäsleşigiň maksatlary, wezipeleri, tertibi we şertleri barada ähli maglumaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi saýtynda çap edilen «Ýaş robototehnikaçy» atly bäsleşiginiň Düzgünnamasyndan tapyp bilersiňiz.