Ï Ýokary bilim derejesini görkezdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary bilim derejesini görkezdiler

view-icon 6604

Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň okuwçylary ABŞ-de geçirilen FISO-2022 halkara Olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Uzak aralykdan geçirilen “Geljek intellektiň talyplarynyň olimpiadasy” atlandyrylan halkara ýaryşyň barşynda olar 21-nji baýrakly ýeri eýelediler. Ýaryşa jemi 20 ýurtdan 1271 okuwçynyň gatnaşandygyny bellemelidiris. Olar okuwçylaryň akyl-bilim derejesini, olaryň aglaba mekdep derslerini bilýändiklerini kegitlemäge mümkinçilik berýän toparlarda ýaryşdylar.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça altyn medala 9-njy synp okuwçysy Begenç Saparow we 8-nji synp okuwçysy Nurmyrat Öwezow mynasyp boldy. Kümüş we bürünç baýraklary bolsa Laçyn Rejepowa, Arman Ahmedow, Bahar Nyýazmedowa, Şahlo Mansurowa, Nurmuhammet Otuzbaýew, Hatyja Kakaýewa, Arslan Meretmädow, Maýsa Aşyrowa we başgalar aldylar.

Daşoguzyň 26-njy orta mekdebiniň Iňlis dilini, biologiýany, himiýany öwrenmekde ýöriteleşýän köp okuwçysy her ýyl dürli bilim olimpiadalarynda, şol sanda halkara derejesindäkilerde-de ýeňiş gazanýarlar. Muňa mekdep mugallymlarynyň ýokary derejesinden başga-da onuň iň döwrebap ýörite tehnika bilen ýeterlik derejede enjamlaşdyrylandygy-da ýardam edýär. Bu ýerde öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň başarjaňlyk bilen ulanylmagy diňe bir okuw prosesiniň kämlleşmegine ýardam etmän, eýsem tejribe we uzak aralykdan okatnak usulyýetiniň alyş-çalşygy üçin täze uly mümkinçilikleri-de açýar.