Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy ‒ onuň taryhy, häzirki döwri we geljegi» temadan maslahat geçirdiler.
Çärä ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary, talyplary, döredijilik toparlary, şeýle hem «Türkmen logistika» Assosiasiýasynyň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäginde ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ‒ ulag pudagynda özara hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan halkara ugurlaryň temasy giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşanlaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy durmuşa geçirimegiň wezipeleri, esasy ýörelgeleri we ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň DIM-iň HGI-niň Okuw merkeziniň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alyp barýan işi-de bellenildi. Merkezde hünärmenleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatynyň ugruny, ilkinji nobatda, energetika, ulag we suw gorlaryna degişli meseleler boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlaryny çuňňur öwrenmek arkaly, hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatlaýyn okuwlaryň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Okuw merkezinde Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri «Ulag diplomatiýasy» ugry boýunça okuw kursuny üstünlikli geçen talyplaryň toparyna şahadatnama gowşuryldy.
Çäre mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňler topary duşuşyga gatnaşanlara ajaýyp aýdym-saz çykyşlaryny görkezdiler.