Ï Türkmenistanyň Kanuny Itçilik we kinologiýa işi hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Itçilik we kinologiýa işi hakynda

view-icon 13695

Şu Kanun itçiligi we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) itçilik — itleri köpeltmek, idetmek we olaryň tohumyny gowulandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işiň görnüşi;

2) kinologiýa — itleriň gelip çykyşyny we ewolýusiýasyny, olaryň anatomiýasyny we fiziologiýasyny, köpeldilişini, saklanylyşyny, iýmitlendirilişini hem-de peýdalanylyşyny öwrenýän ylym;

3) kinologiýa işi — tejribede, şol sanda sportda ulanmak üçin itlere tälim bermek, olara aw awlamagy, kowgyny öwretmek we olaryň beýleki taýýarlygy, itleri ulanmak bilen zootehniki, sport, görkezme hem-de beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek, adamlara itlere seretmegiň endiklerini öwretmek hem-de itçilik we kinologiýa babatda hünärmenleri taýýarlamak, itçiligi öwrenmek we ösdürmek maksatly ylmy-barlag işlerini geçirmek, şeýle hem itleri peýdaly maksatlar üçin ulanmak bilen baglanyşykly iş;

4) itler — itler maşgalasyna degişli öý haýwanlary;

5) türkmen alabaý itleri — türkmen halk seçgisi tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda döredilen tohum itler;

6) hojalyk itleri — ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolup, olar tarapyndan hemişelik gözegçilikde saklanylýan itler;

7) gulluk itleri — ýuridik şahslaryň eýeçiliginde bolup, olar tarapyndan hemişelik gözegçilikde saklanylýan, gulluk maksatlary üçin ösdürilip ýetişdirilýän hem-de ulanylýan türkmen alabaý itleri we beýleki itler;

8) boýun gaçyrylan itler — eýesiniň olara bolan eýeçilik hukugyndan boýun gaçyrýandygy barada ýazmaça arzasy esasynda, bellenilen tertipde saklawhana tabşyrylan itler;

9) şertli gözegçilik astyndaky itler — hojalyk desgalarynyň çäginde, jaýlaryň howlularynda erkin ýaşaýan, belli bir derejede adamlara garaşly we olara tabyn bolýan eýesiz itler;

10) it eýesi — ite eýeçilik hukugy bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

11) eýesiz itler — ilatly nokatlaryň çäginde erkin ýaşaýan, öz iýmitleri babatda adamlara mätäç, ýöne olaryň gözegçiligi astynda durmaýan, eýesi bolmadyk itler;

12) gözegçiliksiz itler — it eýeleri tarapyndan tötänden ýa-da bilkastlaýyn ýitirilen, hemişelik saklanylýan çäginden daşarda bolýan (özbaşdak ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn öýsüz) itler;

13) ýabanylaşan itler — bütinleý adamyň gözegçiligi astynda bolmadyk, adamlar bilen göni gatnaşyk etmezden özüne iýmit tapýan, tebigy erkinlik şertlerinde ýaşaýan itler;

14) itşynas — itleri köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan şahs;

15) ite eýelik ediji — itiň eýeçiligine garamazdan ony saklaýan, idedýän we itiň jany, saglygy hem-de ähli hereketleri üçin hukuk jogapkärçiligini çekýän ýuridik ýa-da fiziki şahs;

16) itiň pasporty — it we onuň eýesi baradaky maglumatlary özünde jemleýän resminama;

17) itleriň synag bäsleşikleri — seçgi-tohumçylyk işini geçirmek maksady bilen ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda itleriň arasynda päsgelçiliklerden geçmek, agram süýremek, tabşyryklary ýerine ýetirmek we beýleki bäsleşikleri geçirmek, şeýle hem tohum itleriň arasynda olaryň ukybyny, batyrlygyny, çydamlylygyny, uzakçyllygyny, tutgurlygyny ýüze çykarmak üçin geçirilýän itleriň synag tutluşyklary;

18) ithana — itleri köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we saklamak üçin ýer;

19) itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokady — weterinariýa bejerişhanasynyň hünärmenleriniň gözegçiliginde bolup, zyýansyzlandyrma we sanjym üçin alnan, karantine ýerleşdirilen, bejerişde bolan itleri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen, enjamlaşdyrylan jaý;

20) wagtlaýyn ithana — ilat üçin we gulluk maksatlary bilen itleri wagtlaýyn saklamak boýunça hyzmatlary hem-de goşmaça hyzmatlary (tälim bermek, türgenleşdirmek, timarlamak we beýlekiler) ýerine ýetirýän, bellenilen tertipde hasaba alnan guramalar;

21) saklawhana — ýuridik şahs tarapyndan bellenilen tertipde eýesiz itlere, şeýle hem tapylan, tutulan, muzdsuz alnan hem-de boýun gaçyrylan itlere başga eýe tapylýança ýa-da olaryň tebigy ölüm ýa-da şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda öldürilme (mundan beýläk — ýok etmek) pursadyna çenli özüniň doly garamagynda saklanylýan ýeri.

2-nji madda. Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan, şu Kanundan hem-de itçilik we kinologiýa işi hakynda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksady

Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksady itçilikde seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak, milli genofonda girýän itleriň tohum arassalygyny gorap saklamak, itleriň tohumlaryny köpeltmek hem-de kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen itçiligi we kinologiýa işini ösdürmek bolup durýar.

4-nji madda. Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) döwlet syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, itçilik we kinologiýa işi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek;

2) itçilik we kinologiýa işi babatda hünärli işgärler bilen üpjün etmek;

3) itleriň aýry-aýry tohumlaryna halkara we daşary ýurt standartlarynyň Türkmenistanyň çäginde hereket etmegini togtatmak ýa-da gadagan etmek;

4) türkmen alabaý itlerini we beýleki tohum itleri degişlilikde Döwlet tohumçylyk kitabynda we Tohum itleriň döwlet sanawynda hasaba alynmagyny üpjün etmek;

5) türkmen alabaý itlerinden we türkmen tazy tohum itlerinden başga itleriň hilini gowulandyrmak maksady bilen, jynsy tarapdan çaknyşdyrmaklyga degişli bolan itleriň tohumlaryny kesgitlemek;

6) tohum itçiligini döwlet tarapyndan höweslendirmek, itleriň seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlarynyň genofonduny gorap saklamak;

7) itleriň saglygynyň kadaly ýagdaýda bolmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek we degişli weterinariýa hyzmatlaryny üpjün etmek;

8) itçilik we kinologiýa işi babatda ekologiýa, zootehniki hem-de weterinar-sanitariýa talaplaryny berjaý etmek;

9) itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, bu çygyrda bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini üpjün etmek;

10) itçilik we kinologiýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

5-nji madda. Itçiligiň we kinologiýa işiniň obýektleri hem-de subýektleri

1. Itçiligi we kinologiýa işini alyp barmak üçin zerur bolan desgalar hem-de serişdeler itçiligiň obýektleri bolup durýarlar.

2. Itçiligiň we kinologiýa işiniň obýektlerine itler, ithanalar, wagtlaýyn ithanalar, saklawhanalar, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlary, weterinar nokatlary, itleri erkin gezdirmek üçin meýdançalar, itçilik sport toplumlary hem-de itçilik bilen baglanyşykly beýleki desgalar degişlidir.

3. Itçilik we kinologiýa işi bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar itçiligiň we kinologiýa işiniň subýektleri bolup durýarlar.

Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar itçiligiň we kinologiýa işiniň subýektleri bolup bilerler.


II BAP. ITÇILIK WE KINOLOGIÝA IŞI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

6-njy madda. Itçilik we kinologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

Itçilik we kinologiýa işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler tarapyndan amala aşyrylýar.

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti itçilik we kinologiýa işi babatda:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) ygtyýarlandyrylan edarany kesgitleýär;

4) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

5) Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýär;

6) itçiligiň we kinologiýa işiniň subýektleriniň işlerini utgaşdyrýar;

7) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

8-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarlandyrylan edara itçilik we kinologiýa işi babatda:

1) döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) guramaçylykly ýagdaýda tohum itleri köpeltmeklige rugsatnama berýär;

4) itçilik babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

5) itiň pasportynyň nusgasyny tassyklaýar;

6) Döwlet tohumçylyk kitabyny we Tohum itleriň döwlet sanawyny alyp barmagyň Tertibini tassyklaýar;

7) itleri hasaba almagyň we itiň pasportyny bermegiň Tertibini tassyklaýar;

8) itleriň aýry-aýry tohumlaryna halkara we daşary ýurt standartlarynyň Türkmenistanyň çäginde hereket etmegini togtadýar ýa-da gadagan edýär;

9) Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we aýratyn goralýan tohum itleriň kadastryny alyp barýar;

10) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ygtyýarlylygy

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde:

1) itçilik we kinologiýa işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler hem-de itçilik we kinologiýa işiniň ösdürilmegine ýardam edýärler;

2) itçilik we kinologiýa işi babatda ýer, suw, weterinariýa, jemagat hojalygy, sanitariýa-epidemiologiýa we beýleki gatnaşyklary utgaşdyrýarlar;

3) şäherler we şäherçeler meýilnamalaşdyrylanda, gurlanda we olaryň durky täzelenende itleri erkin gezdirmek üçin meýdançalaryň ýaşaýyş jaýlaryndan 1,5 kilometrden uzak bolmadyk aralykda bolmagyny üpjün edýärler;

4) her şäheriň we şäherçäniň çäklerinde itleri erkin gezdirmek üçin oňaýly ýerleri (boş ýerleri, seýilgähleri) belleýärler we gurnaýarlar;

5) eýesiz, keselli ýa-da gaharjaň itleri öz wagtynda tutmak we zyýansyzlandyrmak çärelerini geçirmek bilen, hojalyk itleriniň howpsuzlygyny üpjün edýärler;

6) zir-zibil dökülýän ýerleri eýesiz itlerden we haýwanlardan goramak maksady bilen degişli çäreleri geçirýärler;

7) itçiligiň subýektlerini weterinariýa hünärmenleriniň üsti bilen weterinariýa hyzmatlary bilen üpjün edýärler;

8) şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanynyň kadalaşdyrylmagyny üpjün edýärler, şeýle hem şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda hojalyk itleriniň saklanylyşyna yzygiderli gözegçilik edýärler;

9) itlere rehimsizligiň öňüni almak, itleri tutmak we esassyz ýok etmek üçin rugsat edilmeýän usullary aradan aýyrmak, şeýle hem şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanyny kadalaşdyrmak maksady bilen, haýwanlary tutmak boýunça topar döredýärler we toparyň işine gözegçilik edýärler;

10) aýratyn howply ýokanç kesellerden ölen itleri ýakmak we gömmek üçin ýörite ýerleri bölüp berýärler, şeýle hem weterinariýa-sanitariýa kadalarynyň talaplaryna laýyklykda mal mazarlyklarynyň gurluşygyny üpjün edýärler;

11) itleri saklamak, şeýle hem gözegçiliksiz, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanyny kadalaşdyrmak boýunça meseleler bilen bagly ýüztutmalara seredýärler;

12) degişli çäkde ithanalar, wagtlaýyn ithanalar, saklawhanalar we itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlary üçin ýer böleklerini bermek boýunça çözgüt kabul edýärler hem-de olary hasaba alýarlar.

2. Welaýatlaryň häkimlikleri we Aşgabat şäher häkimligi degişli çäklerde bir öýli we köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda itleri saklamagyň düzgünlerini belleýärler.

3. Geňeşler özleriniň garamagyndaky çäklerde:

1) itçilik we kinologiýa işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler hem-de itçiligiň we kinologiýa işiniň ösdürilmegine ýardam edýärler;

2) adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan, şeýle hem öý haýwanlarynyň üstüne hüjüm edýän gözegçiliksiz, eýesiz we ýabanylaşan itleri zyýansyzlandyrmak boýunça zerur çäreleri geçirýärler;

3) itleriň arasynda döreýän ýokanç, parazitar ýa-da madda çalşygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly keselleriň açyk bildirýän alamatlary bolan itler barada degişli döwlet edaralaryna habar berýärler;

4) şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanynyň kadalaşdyrylmagy boýunça işlere gatnaşýarlar hem-de degişli ýardamlary berýärler.

4. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylyklaryna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýärler.


III BAP. ITÇILIGI WE KINOLOGIÝA IŞINI ALYP BARMAK

10-njy madda. Itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan ýuridik şahslar

1. Türkmenistanda itçilik we kinologiýa işi şu ýuridik şahslar tarapyndan alnyp barylýar:

1) itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan jemgyýetçilik birleşikleri;

2) itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan klublar (mundan beýläk — klublar);

3) Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan degişli bölümleri;

4) itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan beýleki guramalar.

2. Itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan ýuridik şahslar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde özlerine degişli tohum itler baradaky maglumatlary ýöredýärler.

11-nji madda. Fiziki şahslar tarapyndan itçiligiň we kinologiýa işiniň alnyp barylmagy

1. Fiziki şahslaryň itçiligi we kinologiýa işini şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrmaga hukuklary bardyr. Olar itleri saklamak, iýmitlendirmek, ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek boýunça, şeýle hem itleriň adamlara we daş töwerege bolan hereketleri üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler.

2. Fiziki şahslar özlerine degişli bolan tohum itlerini şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda Tohum itleriň Döwlet sanawynda hasaba goýmaga hem-de itleriň pasportlaryny almaga hukugy bardyr.

3. Fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, itçilik we kinologiýa işi babatda guramalary we (ýa-da) jemgyýetçilik birleşiklerini döredip ýa-da olara agza bolup bilerler. Itçilik we kinologiýa işi babatda guramalara we (ýa-da) jemgyýetçilik birleşiklerine agza bolmagyň tertibi olaryň tertipnamalary esasynda kesgitlenilýär.

12-nji madda. Kinologiýa işiniň guralyşy

1. Ähli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki kinologiýa işini alyp barýan guramalar we (ýa-da) jemgyýetçilik birleşikleri özleriniň esaslandyryş resminamalaryna we şu Kanuna laýyklykda ýöriteleşdirilen ugurlaryna görä ony amala aşyrýarlar.

2. Itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan ýuridik şahslar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan itleriň tohum ugurlarynyň (tohum toparlary, ýokary gymmatly görnüşler, synag üçin köpeldilýän toparlar) her biri boýunça seçgi-tohumçylyk işlerini amala aşyrýarlar.

Zootehniki we resmi sport çäreleri (sergiler, itleriň synag bäsleşikleri, ýaryşlar) ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan düzgünleriň berjaý edilmegi bilen geçirilýär.

3. Jemgyýetçilik birleşikleriniň arasyndaky itçilik we kinologiýa işi babatda bäsdeşlik diňe hil babatdaky hoşniýetli bäsdeşligi we hödürlenilýän hyzmatlaryň nyrhyny, çäreleriň guramaçylyk derejesini, zähmet çekýän hünärmenleriň hünär taýýarlygyny göz öňünde tutýar.

Jemgyýetçilik birleşikleri itlere tälim bermek, aw awlamagy, kowgyny öwretmek we olaryň beýleki taýýarlyk işlerini, şeýle hem itleri ulanmak bilen zootehniki, sport, görkezme hem-de beýleki köpçülikleýin çärelerini guramak we geçirmek boýunça işleri amala aşyrýarlar.

Jemgyýetçilik birleşikleri türkmen alabaý itleriniň we türkmen tazy itleriniň ösdürilip ýetişdirilişi we olaryň seçgi-tohumçylyk işleriniň alnyp barlyşy barada ilat arasynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

13-nji madda. Itçilik babatda seçgi-tohumçylyk işi

Itçilik babatda seçgi-tohumçylyk işi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan usulyýet boýunça Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy (mundan beýläk — Assosiasiýa), klublar, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan degişli bölümleri, jemgyýetçilik birleşikleri, itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan beýleki guramalar we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

14-nji madda. Itçilik babatda tohumçylyk işi we ony goramak

1. Itçilik babatda tohumçylyk işi itleriň genofonduny gorap saklamak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek arkaly amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we aýratyn goralýan tohum itleriň kadastry alnyp barylýar.

Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we aýratyn goralýan tohum itleriň kadastryna seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlara, tohum toparlaryna we ýokary gymmatly görnüşlerine degişli bolan itler barada maglumatlar girizilýär.

3. Itçilik babatda tohumçylyk işini goramak «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

15-nji madda. Itçilik babatda weterinariýa we zootehniki talaplar

Itçilik babatda weterinariýa we zootehniki talaplaryň ýerine ýetirilmegi «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

16-njy madda. Assosiasiýanyň esasy maksady we wezipeleri

1. Assosiasiýanyň esasy maksady türkmen alabaý itleriniň dünýädäki şan-şöhratyny dabaralandyrmak, olaryň genofonduny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek bolup durýar.

2. Assosiasiýany dolandyrmak Assosiasiýanyň prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Assosiasiýa itçilik babatda halkara guramanyň agzasy bolup biler.

4. Assosiasiýa halkara guramalarda Türkmenistanyň bähbitlerine, şeýle hem itçilik we kinologiýa işi bilen bagly geçirilýän çärelerde Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyna eýedir.

5. Assosiasiýa agza bolmaklyk onuň Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

6. Assosiasiýanyň wezipelerine şular degişlidir:

1) türkmen alabaý itlerini köpeltmek, saklamak we seçgi-tohumçylyk işlerini geçirmek;

2) türkmen alabaý itleriniň sergilerini, sport we itleriň synag bäsleşiklerini guramak hem-de geçirmek;

3) türkmen alabaý itlerinde oňat gylyk-häsiýetleri emele getirmek boýunça olara tälim bermek;

4) türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny giňden ýaýmak boýunça wagyz işlerini, medeni-köpçülikleýin çäreleri, okuwlary, ýarmarkalary we auksionlary guramak hem-de olara gatnaşmak;

5) türkmen alabaý itleriniň Tohumçylyk kitabyny alyp barmak;

6) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.

17-nji madda. Klublaryň esasy maksady we wezipeleri

1. Türkmenistanyň çäginde tohum itleri gorap saklamak, olary tohumçylyk taýdan ylmy esasda kämilleşdirmek hem-de olaryň tohumyny gowulandyrmak maksady bilen, klublar döredilip bilner.

2. Klublaryň wezipelerine şular degişlidir:

1) itleriň tohum ugrunyň degişliligini kesgitlemek;

2) itlere tälim bermegiň dürli usullaryny öwretmek;

3) özleriniň tertipnamalaryna laýyklykda agzalary kabul etmek we olary agzalykdan çykarmak;

4) agzalaryna degişli tohum itler bilen tohumçylyk işlerini geçirmek;

5) Türkmenistanda bar bolan tohum itleriň Tohumçylyk kitabyny ýöretmek we şol maglumatlar esasynda nusga boýunça itleriň şejere ugurlarynyň maglumatlaryny bermek;

6) kinologiýa işini alyp barmak;

7) itleriň gulluk maksatlary we aw awlamak babatda hil sypatlaryny anyklamak maksady bilen, şeýle hem tohum itleriň baş sanyny seçip almak, olaryň tohum arassalygyny anyklamak, genetiki aýratynlyklaryna baha bermek üçin itleriň sergilerini, tohum itleriň synag bäsleşiklerini, tohumçylyk babatda gözden geçirilişleri guramak;

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan guramalar we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.

18-nji madda. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň itçilik we kinologiýa işi babatda wezipeleri

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň itçilik we kinologiýa işi babatda wezipelerine şular degişlidir:

1) gulluk itleriniň başlangyç taýýarlyklary boýunça yzygiderli türgenleşmeklerini guramak we geçirmek, şeýle hem olara yz çalmagy, gözlemegi, ys alyş başarnygyny saýlap almagy öwretmek;

2) gulluk itlerini köpeltmekligi hem-de ösdürip ýetişdirmekligi guramak;

3) gulluk itlerini talabalaýyk taýýarlamak, iýmitlendirmek, saklamak we weterinariýa hyzmatlarynyň wagtynda geçirilmegini guramak;

4) eýeçiliklerinde bar bolan gulluk itleriniň hasabyny ýöretmek we ithanalarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny üpjün etmek;

5) öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde itşynaslary we kinologiýa işi boýunça hünärmenleri taýýarlamak hem-de olary gaýtadan taýýarlamak işini amala aşyrmak;

6) Türkmenistanyň çäginde geçirilýän gulluk itleriniň sergilerine, itleriň synag bäsleşiklerine hem-de ylmy-barlag we seçgi-tohumçylyk işlerine gatnaşmak;

7) tohum itleri köpeltmek üçin ýokary hilli tohum itleri saýlamak we güjükleme netijelerini gözegçilikde saklamak hem-de olaryň hasabatyny ýöretmek.


IV BAP. ITLERE EÝEÇILIK HUKUGY. HOJALYK WE EÝESIZ ITLER.
ITLERE REHIMSIZLIK BILEN BAGLY HEREKETLER

19-njy madda. Itlere eýeçilik hukugy we olaryň hereketleri üçin jogapkärçilik

1. Itler ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň eýeçiliginde bolup ýa-da olaryň eýeçiliginde bolman hem bilerler.

Itiň eýesine özüne degişli bolan ite eýeçilik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen hukuklar degişli bolup durýar. Itler emläk diýlip ykrar edilýär we olar babatda emläk hem-de onuň goragy baradaky umumy düzgünler ulanylýar.

Kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen fiziki şahslar itleriň eýeleri ýa-da itlere eýelik edijiler bolup bilmeýärler.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň çägindäki ähli itler şu Kanunyň goragy astyndadyrlar.

2. Gözegçiliksiz itler öz eýelerine degişli bolmagyny dowam etdirýärler. Bu itleriň eýeleri olaryň jany, saglygy, itleriň ýetirip biljek maddy, fiziki we ruhy zyýany üçin, şeýle hem olary tutmak, saklamak, bejermek we munuň bilen baglanyşykly beýleki hereketler üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

3. Şertli gözegçilik astyndaky itler tarapyndan ýetirilen zyýan üçin ol itleriň hemişelik ýaşaýan çäginiň eýesi ýa-da şu Kanuna laýyklykda ite eýelik ediji diýlip ykrar edilýän, şol çägiň ulanylmagy üçin jogapkär şahs (gurama) jogapkärçilik çekýär.

4. Eger itiň eýesi ýa-da ite eýelik ediji tarapyndan onuň ýitendigi barada habar bermek mümkinçiliginiň dörän pursadyndan başlap, ýedi günüň dowamynda degişli gurama ýüz tutulmadyk ýagdaýynda, ol it wagtlaýyn eýesiz hasaplanylýar. Şeýle itiň tutulyp, onuň eýesi ýa-da eýelik edijisi anyklanylan ýagdaýynda, olar ite rehimsiz garandyklary üçin jogapkärçilik çekýärler.

5. Ite bolan eýeçilik hukugy itiň pasportynyň, weterinariýa, beýleki hasaba alyş resminamalarynyň, tagmasynyň ýa-da çiplemek belgisiniň, şeýle hem şaýatlyk görkezmeleriniň we beýleki subutnamalaryň bolmagy bilen tassyklanylýar. Ite bolan eýeçilik hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde goralýar.

6. Ite eýelik ediji ony saklamak boýunça aladalary etmäge borçludyr hem-de eýelik edýän tutuş möhletiniň dowamynda itiň jany, saglygy we ähli hereketleri üçin doly hukuk jogapkärçiligini çekýär. Şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda, iti ýok etmek ýa-da ýok etmek üçin bermek, şeýle hem iti gözegçiliksiz goýmak gadagan edilýär.

7. Itiň hemişelik saklanylýan ithanasyndan ýa-da çäginden daşarda bolýan wagty onuň jany, saglygy we ähli hereketleri üçin şol wagt itiň ýanynda bolan şahs jogapkärçilik çekýär. Eger-de itiň ýanynda kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen şahs bolýan bolsa, onda itiň jany, saglygy we ähli hereketleri üçin oňa eýelik ediji jogapkärçilik çekýär.

8. Gözegçiliksiz iti tutan ýuridik ýa-da fiziki şahs ony eýesine ýa-da eýelik edijisine gaýtaryp bermäge borçludyr. Eger itiň eýesi ýa-da eýelik edijisi ýa-da itiň hemişelik bolýan ýeri belli bolmadyk ýagdaýynda, iti tutan şahs degişli gurama habar bermek mümkinçiligiň dörän pursadyndan başlap, ýedi gün möhletden gijä galman habar bermelidir.

9. Itiň eýesiniň ýa-da eýelik edijisiniň itiniň gözlegi wagtynda ony tutan şahs iti öz ideginde we ulanylyşynda galdyryp biler ýa-da ol idedilmegi üçin zerur şertleri bolan başga bir şahs tarapyndan ideg edilmegi we ulanylmagy üçin berlip bilner. Iti tutan şahs ony saklamakdan boýun gaçyran ýagdaýynda, ol bellenilen tertipde degişli gurama habar bermelidir ýa-da ony saklawhana tabşyrmalydyr.

10. Eger-de gözegçiliksiz it tutulan pursadyndan başlap, alty aýyň dowamynda onuň eýesi ýa-da eýelik edijisi ýüze çykarylmasa ýa-da ol tarapyndan ite bolan hukuk barada ýüz tutmasa, ite ideg eden hem-de ony peýdalanan şahs oňa bolan eýeçilik hukugyna eýe bolup biler ýa-da iti saklawhana tabşyrmaga borçludyr.

11. Saklawhana tabşyrylan eýesiz ýa-da boýun gaçyrylan it saklawhana ýerleşdirilen gününden başlap, üç aý geçmezden ýok edilip bilinmeýär (itiň saglyk ýagdaýy bilen bagly bolan ýok edilme muňa degişli däldir). Itiň iki hepdelik saklama möhleti geçenden soň, ol başga bir şahsyň eýeçiligine berlip bilner.

Şahsy taraplara we döwlete dahylly bolmadyk guramalara degişli bolan, saklawhanada saklanylýan itleri ýok etmäge diňe şu Kanunyň 25-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy bentlerinde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýol berilýär.

12. Eger-de gözegçiliksiz it başga bir şahsyň eýeçiligine berlenden soň, onuň öňki eýesi ýa-da eýelik edijisi ýüze çykan ýagdaýynda, öňki eýesiniň ýa-da eýelik edijisiniň, itiň oňa öwrenişendiginiň saklanyp galandygyna ýa-da täze eýesiniň ýa-da eýelik edijisiniň oňa degişli görnüşde garamaýandygyna şaýatlyk edýän esaslar bar bolan ýagdaýynda täze eýesi bilen ylalaşyk arkaly kesgitlenilýän şertlerde, ylalaşyk gazanylmadyk ýagdaýynda kazyýetiň üsti bilen itiň gaýtarylyp berilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

13. Itiň eýesi itinden boýun gaçyran ýagdaýynda, eger-de ol başga bir şahsyň eýeçiligine geçirilip bilinmeýän bolsa, itiň eýesi eýeçilik hukugyndan boýun gaçyrýandygy barada ýazmaça arzasy esasynda ony saklawhana tabşyrmaga borçludyr.

14. It agyr maýyplyk şikeslerini alyp, onuň ýaşaýyş üçin ýeterlik derejede saglygynyň dikeldilmegi mümkin bolmasa ýa-da onuň bejerip bolmaýan keseli bolup, ondan güýçli ejir çekýän ýa-da garrylygy agyr geçirýän bolsa, eýesiniň ýazmaça arzasy esasynda weterinar lukman tarapyndan agyrysyz ýok edilmäge (ewtanaziýa) sezewar edilip bilner.

15. Itiň eýesiniň ýa-da eýelik edijisiniň weterinar lukmanyň ýoklugynda şulary özbaşdak ýerine ýetirmäge hukugy bardyr:

1) diňe aýratyn ýagdaýlarda, itiň sagalmagy mümkin bolmadyk derejede agyr şikesler ýetip, onuň ejir çekmegini bes etmek maksady bilen, oňa elýeter bolan çalt hem-de agyrysyz usul bilen iti ýok etmäge;

2) täze doglan, üç günden uly bolmadyk güjükleri agyrysyz ýok etmäge.

16. Itiň eýesiniň eýeçilik hukugy ýa-da itiň eýelik edijisiniň ite bolan eýelik etmek hukugy olaryň ite rehimsiz garaýşy ýa-da iti bikanun hereketleri etmek maksady bilen ulanmagy üçin ýa-da emlägiň muzdsuz alynmagynda kazyýetiň çözgüdi boýunça bes edilip bilner. Şu ýagdaýda itiň eýelik edijisi onuň eýesi bolup durmaýan bolsa, ol it eýesine gaýtarylyp berilýär. Elinden alnan, muzdsuz alnan ýa-da döwletiň haýryna geçirilen itler olary satmak ýa-da saklamak ýa-da täze eýesine muzdsuz bermek üçin saklawhanalara berilýär.

Itiň eýelik edijisiniň ony bikanun hereketleri etmegiň guraly hökmünde ulanandygy ýa-da onuň itiň janyna we saglygyna howp salýan rehimsiz hereketleri üçin it administratiw tertipde onuň elinden alnyp bilner we kazyýetiň çözgüdi çykarylýança saklawhana ýerleşdirilip bilner.

20-nji madda. It eýeleriniň hukuklary we borçlary

1. It eýeleri şu hukuklara eýedirler:

1) ýuridik ýa-da fiziki şahsyň adyndan hereket etmek;

2) itleri satyn almak, satmak, sowgat bermek we maksatlaýyn peýdalanmak;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, itçilik babatda jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek;

4) itçilik babatda özleriniň kanuny bähbitlerini goramak;

5) itlerine, emlägine we beýleki maddy gymmatlyklaryna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy;

6) itçiligi mahabatlandyrmak;

7) itçilik barada zerur maglumatlary almak we toplamak;

8) itçilik boýunça ýörite bilim almak, öz hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek we hünär derejesini ýokarlandyrmak;

9) öz itlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda itleriň arasynda geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşdyrmak;

10) itçilik pudagyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça teklipleri ygtyýarlandyrylan edara bermek;

11) ygtyýarlandyrylan edaranyň we degişli hünärmenleriň itçilik babatda usuly maslahatlaryndan peýdalanmak;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklara.

2. It eýeleri şulara borçludyrlar:

1) itçilik obýektlerinde weterinariýa-sanitariýa kadalaryny, tehniki howpsuzlygy berjaý etmäge we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge;

2) itleri bellenilen tertipde hasaba aldyrmaga;

3) itleriň saklanylyşyna bildirilýän ekologik talaplary berjaý etmäge;

4) itleriň ýaşyna laýyklykda ýokanç kesellere garşy sanjym işlerini öz wagtynda geçirmekligi üpjün etmäge;

5) itler kesellän, duýdansyz ölen ýa-da olaryň guduzlama keseli bilen keselländigine şübhe dörän ýagdaýynda weterinar hünärmenlere ýüz tutmaga;

6) itleri özbaşdak ýa-da guramaçylykly ýagdaýda köpeltmegiň düzgünlerini berjaý etmäge;

7) itleri köpeltmegiň we idetmegiň zootehniki düzgünlerini berjaý etmäge;

8) itleri öý hojalygy şertlerinde saklamagyň düzgünlerini berjaý etmäge;

9) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we Geňeşler tarapyndan ýörite bölünip berlen ýerlerde, mal mazarlyklarynda ölen itleri jaýlamaga;

10) özlerine degişli tohum itleriň baş sanynyň hasabyny ýöretmäge we bu barada ygtyýarlandyrylan edara maglumat bermäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki wezipeleri ýerine ýetirmäge.

21-nji madda. Itleri saklamak

1. Itleri weterinariýa-sanitariýa, zootehniki we ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän ýerlerde, şeýle hem gönüden-göni keselleriň ýüze çykmagyna getirýän şertlerde saklamaga rugsat berilmeýär.

2. Özlerini kadaly duýmaklary üçin zerur bolan fiziki işjeňligi almaga mümkinçilik bolmadyk jaýlarda ýa-da çäklerde itler saklananda, olara bir gije-gündiziň dowamynda umumylykda azyndan bir ýarym sagat erkin gezmeklerine mümkinçilik döretmeli.

3. Şular gadagan edilýär:

1) itleri adamlaryň ýa-da haýwanlaryň üstüne küşgürmek (zerur bolan goranyş, eýeçiligi, telekeçiligi, hukuk tertibini ýa-da döwlet howpsuzlygyny goramak we beýleki adamlaryň hem-de haýwanlaryň saglygyna ýa-da janlaryna hakyky howp salýan ýagdaýdan goranmak zerurlygy bilen aw itleri hem-de gulluk itleri peýdalanylan ýagdaýlar muňa girmeýär);

2) itleriň derilerini ýa-da etlerini sarp etmek, satmak maksady bilen olary köpeltmek, saklamak we peýdalanmak.

22-nji madda. Itleri köpeltmek

1. Itleriň eýeleriniň öz itleriniň tohumlaryna, tohumçylyk gymmatlygyna, şeýle hem olaryň tohumçylyk resminamalaryna we olaryň klublarda ýa-da tohum it hökmünde hasaba alnandygyna garamazdan, şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmek şerti bilen, olary özbaşdak köpeltmäge hukuklary bardyr.

Itleri guramaçylykly ýagdaýda köpeltmeklik ithanalarda amala aşyrylýar. Ithanalar ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan hasaba alynýar. Itleri guramaçylykly ýagdaýda köpeltmeklik ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsatnamasyna, olary köpeltmegi amala aşyrýan guramada tassyklanan kadalaşdyryjy resminamalara we şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

2. Itler guramaçylykly we özbaşdak köpeldilen ýagdaýynda şulary peýdalanmak gadagan edilýär:

1) özüni alyp barşyndan görnüp duran kadadan çykmasy (anomaliýa) bolan itleri (gorkak we gazaply-gorkak, gaharjaň, öz eýesini ýarýan, çagalara, güjüklere we aýry jynsly itlere gazaply topulýan, görnüşi we beýleki alamatlary tohumyň häsiýetnamasyna laýyk gelmeýän beýleki itler, tohumçylyk üçin köpeldilende standartyň özüni alyp barmak boýunça talaplaryna laýyk gelmeýän itler);

2) ýokanç, parazitar ýa-da madda çalşygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly keselleriň görnüp duran alamatlary bolan itleri;

3) jebir çekdirýän keselleri bolan doga maýyp ýa-da nesil yzarlaýan keselli itleri, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ulanylmagy togtadylan ýa-da gadagan edilen tohumlara degişli bolan itleri;

4) iki gezek garny kesilip güjük alnan ganjyk itleri;

5) 18 aýdan ýaş bolan itleri.

3. Itleri tohumçylykda çendenaşa ulanmaklygyň şu görnüşleri gadagan edilýär:

1) köpegi hepdede bir ganjykdan artyk başga ganjyga çekmek;

2) goşmaça iýmitlendirmezden, ganjygyň aşagyna altydan artyk güjükleri iýmitlendirmek üçin goýbermek;

3) ganjygy eneke hökmünde peýdalanmak maksady bilen guzlatmak.

23-nji madda. Şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanynyň kadalaşdyrylmagy, olaryň saklanylmagy ýa-da ýok edilmegi

1. Ilatly nokatlaryň çäklerinde şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanyny kadalaşdyrmak boýunça çäreler ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň çözgüdi esasynda döredilýän haýwanlary tutmak boýunça topar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanyny özbaşdak kadalaşdyrmak gadagan edilýär.

3. Şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sanyny kadalaşdyrmak rehimsizligi hem-de artykmaç ejir çekdirmeleri aradan aýyrýan, olaryň köpelmeginiň öňüni alýan usullar arkaly geçirilýär.

4. Şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň tutulmagy şu maksatlar üçin geçirilip bilner:

1) zyýansyzlandyrma işlerini, öňüni alyş sanjymlaryny, weterinariýa gözegçiligini geçirmek we öňki ýaşaýan ýerine gaýtaryp getirmek ýa-da saklawhanalara ýerleşdirilmek;

2) ylmy maksatlar;

3) keselli ýa-da agyr ýagdaýa düşen itlere kömek etmek.

5. Gözegçiliksiz itleriň tutulmagy iti eýesine ýa-da eýelik edijisine gaýtaryp bermek maksady bilen ýa-da onuň eýesi ýa-da eýelik edijisi belli bolmadyk ýagdaýynda ony saklawhana ýerleşdirmek maksady bilen geçirilip bilner.

6. Itleri tutmak işleri olaryň artykmaç ejir çekmelerini aradan aýyrýan usullar arkaly geçirilmelidir.

7. Şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleri agyrysyz usullar bilen ýok etmek maksady bilen tutulmagyna diňe itleriň özlerini alyp barşy jemgyýet üçin howply bolup durýan (özüni alyp barşynda patologiýa alamatlary bar bolan) ýa-da olar agyr maýyplyk şikeslerini alyp, olaryň janyny gutarmak ähtimallygy az bolanda ýa-da agyr keselli bolup, olar epidemiýa ýa-da epizootiýa babatda howp salýan ýagdaýlarynda ýol berilýär.

8. Aýratyn halatlarda, gaýragoýulmasyz zerur çäre hökmünde itleri atmak arkaly ýok etmäge şu ýagdaýlarda ýol berilýär:

1) itiň jemgyýet üçin howpy anyk bolanda we ony tutmak üçin rugsat berlen usullaryň ulanylmagy mümkin bolmadyk ýagdaýynda;

2) adamyň janyna we saglygyna howp salýan gaýragoýulmasyz ýagdaýlar ýüze çykanda (degişli subutnamalar esasynda);

3) itde mese-mälim guduzlamanyň alamatlary görnende ýa-da onuň ol kesel bilen keselländigi mälim bolanda (diňe weterinar lukmanyň netijenamasy boýunça).

9. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň, aw hojalyklarynyň we ýabany haýwanlar saklanylýan saklawhanalaryň çäklerindäki ýabanylaşan we eýesiz itleri hem-de möjek-it gibridlerini tutmaklyk ýa-da ýok etmeklik kesgitlenen hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.

10. Şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleriň sany kadalaşdyrylanda, zäherleri (awulary) we gapanlary ulanmak gadagan edilýär.

24-nji madda. Ýuridik we fiziki şahslaryň itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýän hereketleri

Şular itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilýän hereketlerdir:

1) itleri bikanun hereketleriň ýa-da sowuk-sala seretmegiň netijesinde bilkastlaýyn öldürmek ýa-da olara şikes, howply zyýan ýa-da saglygyna beýleki agyr zyýanlary ýetirmek;

2) itiň bilkastlaýyn ýitirilmegi (zyňylmagy);

3) şertli gözegçilik astyndaky, eýesiz we ýabanylaşan itleri tutmakda ýa-da olaryň sanyny kadalaşdyrmakda çendenaşa azaplary ýetirýän, rugsat edilmeýän usullary ulanmak;

4) iti iýmitden, suwdan, ukudan, dynç almakdan, fiziki işjeňlikden mahrum etmek, çendenaşa iýmitlendirmek, şonuň ýaly-da ony ölüme ýa-da onuň saglygyny agyr ýagdaýa getirýän hil taýdan pes, adaty bolmadyk iýmit bilen iýmitlendirmek;

5) itiň saglygyny agyr ýagdaýa getirýän ýa-da onuň ölümine gönüden-göni sebäp bolan weterinariýa hyzmatlaryny etmek;

6) aýry tohumly we psihikasy deň gelmeýän itleriň arasynda it uruşlaryny geçirmek;

7) kosmetiki maksatlar üçin hirurgiýa amallaryny geçirmek, itiň hemişelik dişlerini ýa-da dyrnaklaryny aýyrmak ýa-da ses bogunlaryny dilmek;

8) itleriň derilerini, etlerini, ýaglaryny almak üçin ulanmak ýa-da şol maksatlar bilen itleri saklamak ýa-da ösdürip ýetişdirmek.

25-nji madda. Ýuridik we fiziki şahslaryň itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilmeýän hereketleri

Şular itlere rehimsizlik hökmünde ykrar edilmeýän hereketlerdir:

1) adamlaryň janyna we saglygyna howp döredýän itiň topulmagyny (itler bilen eýeçiligiň, telekeçiligiň, düzgün-tertibiň ýa-da döwlet howpsuzlygynyň goralmagy bilen bagly ýagdaýlar muňa degişli däldir) zyýansyzlandyrmak bilen bagly hereketler;

2) itiň ölümine ýa-da oňa şikes ýetmegine getirmeýän, şeýle hem onuň saglygyna, psihikasyna agyr zeper ýetirmeýän ite terbiýe we tälim bermek maksady bilen esaslandyrylan duýduryşlary we temmileri ulanmak;

3) türgenleşikler (päsgelçiliklerden geçmek we beýleki maşklar), sport ýaryşlary, bäsleşikler, synaglar geçirilýän döwründe itiň tötänleýin şikes almagy;

4) itiň ölmegine ýa-da kesellemegine getirmezden onuň bejeriş berhizi, onuň daşalmagy, oňa tälim ýa-da terbiýe berilmegi bilen bagly iýmitden, suw bermekden, dynç almakdan, fiziki işjeňlikden wagtlaýyn mahrum etmek ýa-da olary çäklendirmek;

5) täze doglan güjükleriň (üç günden uly bolmadyk) eýesi tarapyndan esaslandyrylyp, beýhuş ediji serişdäni kesgitlenen möçberden köp bermek arkaly ýok edilmegi;

6) ölüm derejesinde ýaralanan, ejir çekýän itiň tiz weterinariýa kömeginiň berilmegi mümkin bolmadyk ýagdaýynda ýok edilmegi;

7) itleriň ýaşyna we haýsy tohuma degişlidigine garamazdan, weterinariýa talaplarynyň berjaý edilmegi bilen güjükleriň we itleriň yzky aýaklaryndaky goşmaça barmaklaryň kesilip aýrylmagy;

8) it halas edilende, oňa weterinariýa kömegi berlende, grumingda (derisiniň, dyrnaklarynyň, gulaklarynyň, gözleriniň arassaçylyk işlerinde) we itiň peýdasyna gönükdirilen hereketlerde onuň saglygyna uly bir zeper ýetirmeýän agyry ýa-da azap ýetirmek.


V BAP. SAKLAWHANALAR, ITLERIŇ WAGTLAÝYN SAKLANYLÝAN NOKATLARY, ITHANALAR WE WAGTLAÝYN ITHANALAR

26-njy madda. Itler üçin saklawhanalary, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlaryny, ithanalary we wagtlaýyn ithanalary döretmek hem-de olary hasaba almak

1. Saklawhanalar, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlary, ithanalar we wagtlaýyn ithanalar şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda gurlan we abadanlaşdyrylan desgalara we çäklere eýe bolmalydyr.

Saklawhanalary, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlaryny, ithanalary we wagtlaýyn ithanalary ilatly ýerleriň ýaşaýyş jaýlarynda (hususy eýeçilikdäki jaýlardan başga) ýerleşdirmeklik, ýaşaýyş jaýlaryndan 100 metrden az bolan aralykda gurmaklyk gadagan edilýär.

2. Itler saklawhanalarda, ithanalarda we wagtlaýyn ithanalarda saklanan halatynda bölünip berlen çäkde itleri erkin gezdirmek üçin mümkinçilikler üpjün edilmelidir.

Itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlarynda itler saklananda olar beýleki itlerden aýratynlykda gezelenç etdirmek mümkinçiligi bolan we yzygiderli dezinfeksiýa geçirilýän çäkde ýerleşdirilmelidir.

3. Ýuridik we fiziki şahslara degişli bolan saklawhanalar, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlary, ithanalar we wagtlaýyn ithanalar bellenilen tertipde hasaba alynmalydyr.

27-nji madda. Saklawhanalaryň, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlarynyň, ithanalaryň we wagtlaýyn ithanalaryň işlerini guramak we maliýeleşdirmek

1. Welaýatlaryň häkimlikleri we Aşgabat şäher häkimligi itçilik we kinologiýa işi babatda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge gatnaşýan ýuridik we fiziki şahslara degişli bolan saklawhanalara, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlaryna, ithanalara we wagtlaýyn ithanalara ýardam berýärler.

2. Saklawhanalara, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlaryna, ithanalara we wagtlaýyn ithanalara tabşyrylýan itler hökmany we gaýragoýulmasyz ýagdaýda weterinar gözegçiliginden geçirilmelidir.

3. Saklawhanalar we itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlary eýesiz, boýun gaçyrylan we gözegçiliksiz itleri, şeýle hem täze ýa-da öňki eýeleri tarapyndan alnyp gidilýänçä näsag (şikesli), şertli gözegçilik astyndaky itleri kabul edip almaga borçludyrlar.

4. Saklawhanalaryň we itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlarynyň ýolbaşçylygy gözegçiliksiz itleriň eýelerini ýa-da eýesiz itlere täze eýeleri gözläp tapmak üçin tagalla etmelidirler.

5. Eýesiz we gözegçiliksiz itleri tutmak, saklamak we olara hyzmat etmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmak maliýe we ykdysadyýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça welaýat häkimlikleri we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan tassyklanylan nyrhnamalar esasynda amala aşyrylýar.

6. Itleriň arasynda döreýän aýratyn howply ýokanç keselleri anyklamaga, ýok etmäge, olaryň öňüni almaga gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

7. Saklawhanalar, itleriň wagtlaýyn saklanylýan nokatlary, ithanalar we wagtlaýyn ithanalar eýeçiliginiň görnüşine baglylykda şu çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilip bilner:

1) ýuridik we fiziki şahslaryň hususy serişdeleriniň;

2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;

3) meýletin gatançlaryň;

4) telekeçilik işinden we raýat-hukuk geleşiklerden gelip gowşan serişdeleriň;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň.


VI BAP. ITLERIŇ HASABA ALYNMAGY. ITLERIŇ TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINE GETIRILMEGI WE ONUŇ ÇÄGINDEN ÇYKARYLMAGY. ITIŇ PASPORTY.

ITÇILIGIŇ WE KINOLOGIÝA IŞINIŇ DÖWLET TARAPYNDAN HÖWESLENDIRILMEGI

28-nji madda. Itleri hasaba almak we tohumçylyk kitaplary

1. Türkmenistanda hojalyk itleri we gulluk itleri hasaba alynmaga degişlidir.

2. Itler hasaba alnanda, olaryň tohum ugry kesgitlenilýär. Tohumçylyk gymmatlygy näbelli bolan itler, itleriň tohumçylyk kitaplarynda ýazgy edilmäge degişli däldir.

3. Itleri hasaba almak we itleriň pasportlaryny bermek ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde onuň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Türkmen alabaý itleriniň Tohumçylyk kitaby, Türkmen tazy itleriniň Tohumçylyk kitaby we beýleki tohum itleriň tohumçylyk ýazgylary aýratynlykda alnyp barylýar.

5. Ýuridik we fiziki şahslar bellenilen tertipde özleriniň tohum itleri barada maglumatlary hem-de olaryň sanawyny Döwlet tohumçylyk kitabyna ýazgy etmek we Tohum itleriň döwlet sanawynda hasaba almak üçin ygtyýarlandyrylan edaranyň degişli ýerli edarasyna bermäge borçludyrlar.

6. Döwlet tohumçylyk kitabynda we Tohum itleriň döwlet sanawynda itleriň gelip çykyşy baradaky maglumatlar hem-de olaryň tohumçylyk gymmatlygyny kesgitlemek üçin zerur bolan beýleki maglumatlar saklanylýar.

7. Döwlet tohumçylyk kitabyndaky we Tohum itleriň döwlet sanawyndaky maglumatlar elektron (sanly) hem-de kagyz görnüşinde ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde alnyp barylýar. Döwlet tohumçylyk kitabyndaky we Tohum itleriň döwlet sanawyndaky maglumatlar gyzyklanýan taraplar üçin elýeterli bolmalydyr.

29-njy madda. Itleri Türkmenistanyň çägine getirmek we onuň çäginden çykarmak

1. Itleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegi we onuň çäginden çykarylmagy şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Tohum itleriň ýa-da itleriň tohumlyk önüminiň Türkmenistana getirilmegi eksport edýän döwletiň degişli edarasy tarapyndan berlen weterinariýa sertifikaty we tohumçylyk sertifikaty ýa-da şonuň bilen deň derejeli resminamasy bar bolan halatynda amala aşyrylýar.

3. Aýratyn howply ýokanç keselleri bolan itleri Türkmenistanyň çägine getirmek gadagan edilýär. Aýratyn howply ýokanç keselleriň Sanawy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Aýratyn halatlarda karantin girizilen çäge degişli itleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegi ýa-da onuň çäginden çykarylmagy ygtyýarlandyrylan edaranyň we weterinar gullugynyň çözgütleri esasynda amala aşyrylýar.

5. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan it Türkmenistanyň çäginden çykarylanda, gümrük nokatlaryndaky degişli gulluklaryň işgärleriniň ol itiň eýeçiligini tassyklaýan resminamanyň we beýleki degişli resminamalaryň görkezilmegini talap etmäge hukuklary bardyr.

Itleriň Türkmenistanyň çäginden çykarylmagy ygtyýarlandyrylan edaradan rugsatnama alynmaga degişlidir.

6. Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän we aýratyn goralýan tohum itleriň kadastryna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran tohumlara, tohum toparlaryna we ýokary gymmatly görnüşlerine degişli itleriň eksport edilmegi çäklendirilýär. Aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda itleriň eksporty amala aşyrylyp bilner.

30-njy madda. Tohum itleriniň bonitirowkasy

Tohum itleriň bonitirowkasy, olaryň tohumlyk we işjeňlik gymmatyny kesgitlemek we resmi taýdan tassyklamak maksady bilen geçirilýär.

Tohum itleriň bonitirowkasyny geçirmegiň tertibi we şertleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

Tohum itleriň bonitirowkasy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanan usulyýet boýunça we onuň gözegçiliginde meýilnama laýyklykda itleriň tohumçylyk işi bilen meşgullanýan ýuridik şahslar tarapyndan her ýylda geçirilýär.

31-nji madda. Itiň pasporty

1. Itiň pasportynda itiň lakamy, doglan senesi, jynsy, tohumy, reňki we onuň eýesi barada maglumatlar görkezilýär.

2. Itiň pasportynda olaryň tohumçylyk gymmaty barada maglumatlar görkezilip bilner. Itleriň tohumlyk gymmaty olaryň tohumçylyk kitabynda hasaba alnan belgisiniň görkezilmegi bilen amala aşyrylýar.

3. Itiň pasportynda weterinar hünärmenleri tarapyndan geçirilen weterinariýa çäreleri barada maglumatlar görkezilýär.

4. Itiň pasportyny resmileşdirmegiň, bermegiň we çalyşmagyň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

5. Hususy itşynaslar özleriniň itleriniň tohum arassalygyny anyklamak üçin ýörite ylmy-barlag edaralaryna ýüz tutup bilerler.

32-nji madda. Itçiligiň we kinologiýa işiniň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi

Ýuridik we fiziki şahslar itçiligi we kinologiýa işini ösdürmäge goşan şahsy goşantlary, şeýle hem itleriň arasynda geçirilýän sergilerde, olary synamak üçin geçirilýän bäsleşiklerde, ýaryşlarda gazanan ýokary netijeleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet sylaglary bilen sylaglanmaga, şol sanda hormatly atlaryň dakylmagyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sylaglamagyň beýleki görnüşlerine hödürlenilip bilner.

33-nji madda. Itleri synamak üçin geçirilýän bäsleşiklerde, ýaryşlarda ýokary netijeler gazanan itşynaslary, tälimçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak

Türkmen alabaý itlerini, türkmen tazy itlerini we beýleki itleri saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde, halk seçgiçiligini ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde, itleri synamak üçin döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde, ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanan itşynaslara, tälimçilere we beýleki hünärmenlere Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan mukdary, möçberi kesgitlenilýän baýraklar we pul sylaglary berlip bilner.


VII BAP. ITÇILIK WE KINOLOGIÝA IŞI BABATDA YLMY ÜPJÜNÇILIK HEM-DE HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK

34-nji madda. Itçilik we kinologiýa işi babatda ylmy-barlag işlerini geçirmek

1. Itçilik we kinologiýa işi babatda ylmy-barlag işlerini geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edara, ylmy-barlag institutlary, ylmy-önümçilik merkezleri, barlaghanalar we degişli bilim edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Itçilik we kinologiýa işi babatda ylmy-barlag işleri itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan guramalar hem-de degişli hünärmenler tarapyndan aýratynlykda ýa-da olaryň hyzmatdaşlyk etmeginde amala aşyrylyp bilner.

3. Ygtyýarlandyrylan edara itçiligi we kinologiýa işini alyp barýan guramalar we hünärmenler bilen bilelikde şulary işläp taýýarlaýarlar:

1) itçilik we kinologiýa işi babatda döwlet ylmy maksatnamalaryny;

2) itlere gulluk maksatlary üçin tälim bermegiň we olary ulanmagyň usullaryny;

3) ylmy-barlag işlerini geçirmegiň, olaryň netijelerine baha bermegiň we genetiki gözegçiligiň usulyýetlerini;

4) itçilik we kinologiýa işi çygrynda maglumat üpjünçilik ulgamlaryny.

35-nji madda. Itçilik we kinologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak

1. Itçilik we kinologiýa işi babatda hünärmenleri taýýarlamak orta hünär we ýokary hünär bilim edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Itçilik we kinologiýa işi babatda hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Itçilik we kinologiýa işi bilen meşgullanýan işgärlere ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda hünär derejeleri berlip bilner.


VIII BAP. ITLERI SATMAK, SOWGAT BERMEK, EÝELIK ETMEK ÜÇIN BERMEK

36-njy madda. Itleri satmak, sowgat bermek ýa-da gaýry ýollar bilen bermek

1. Itleri satmak, sowgat bermek ýa-da gaýry ýollar bilen bermek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen we kämillik ukyby çäklendirilen fiziki şahslara itleri satmak, sowgat bermek, eýelik etmek üçin bermek we olardan satyn almak gadagan edilýär.

3. Satyn alnan (kabul edilen) gününden başlap iki gije-gündiziň dowamynda itde ýokanç kesel alamatlary ýüze çykarylan halatynda (weterinar lukmanyň güwänamasynyň esasynda) itiň saglygy babatda jogapkärçilik ozalky eýesiniň üstüne ýüklenilýär.

4. Geleşik baglaşylanda satyn alyjynyň (satyjynyň) şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň görkezilmegini talap etmäge satyjynyň (satyn alyjynyň) hukugy bardyr.

5. Satyjy geleşik baglaşylanda itiň ösdürilip ýetişdirilişini, baş öwredilişini, tohum ugry boýunça ulanylyşyny öz tarapyndan barlamak babatdaky şertleri öňe sürmek hukugyna eýedir.

37-nji madda. Itiň eýelik etmek üçin berilmegi

It eýesi tarapyndan ite eýelik etmek ýa-da ony peýdalanmak üçin beýleki bir tarapa şertnama esasynda berlip bilner. Şertnama döwlet notarial edaralary tarapyndan resmileşdirilýär we onda bilelikde eýelik etmeklik göz öňünde tutulyp bilner. Iti kanuny jähetden peýdalanmak bilen bagly gaýry ýagdaýlar eýelik edýänleriň hukuklarynyň we borçlarynyň bölünmegi esasynda şertnamanyň şertlerine görä ylalaşylyp bilner.


IX BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

38-nji madda. Itçilik we kinologiýa işi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy

Itçilik we kinologiýa işi babatda halkara hyzmatdaşlygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

39-njy madda. Itçiligiň subýektlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

Ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda itçiligiň subýektlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

Itçiligiň obýektlerine we subýektlerine ýetirilen zyýanyň möçberi ygtyýarlandyrylan edaranyň çözgüdi esasynda döredilýän topar tarapyndan kesgitlenilýär. Toparyň düzümine itçilik we kinologiýa işi babatda degişli hünärmenler we itşynaslar girizilip bilner.

40-njy madda. Jedelleri çözmek

Itçilik we kinologiýa işi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

41-nji madda. Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Itçilik we kinologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

42-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.