Ï Türkmenistanyň Kanuny Elektron hökümet hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Elektron hökümet hakynda

view-icon 8819

Şu Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) elektron döwlet hyzmaty — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän döwlet hyzmaty;

2) elektron döwlet hyzmatynyň dessury — elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibini we oňa bildirilýän talaplary kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy;

3) elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy;

4) elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysy — her bir fiziki we ýuridik şahsa, kadastryň we gozgalmaýan emlägiň obýektlerine, geografik we beýleki obýektlere berilýän, olary elektron hökümetde barabarlandyrmaga mümkinçilik berýän gaýtalanmaýan kodlar;

5) interaktiw döwlet hyzmaty — sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky iki taraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty;

6) maglumat döwlet hyzmaty — sargyt edijileriň maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen, döwlet edarasynyň işi baradaky maglumaty çap etmek we başga bir görnüşde ýaýratmak arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty;

7) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy — ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň ýeke-täk bir bitewi awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýatlar ulgamynyň gurşawyna birikmegini üpjün edýän ulgam;

8) sargyt edijiler — döwlet edarasyna sargytnama bilen ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahslar;

9) sargytnama — sargyt edijiniň elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada döwlet edaralaryna iberýän talapnamasy.

2-nji madda. Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Elektron hökümetiň esasy wezipeleri

Şular elektron hökümetiň esasy wezipeleridir:

1) döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini, dessinligini we aýdyňlygyny üpjün etmek, olaryň jogapkärçiligini we ýerine ýetirijilik düzgün-nyzamlylygyny güýçlendirmek, ilat we telekeçiligiň subýektleri bilen ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmegiň goşmaça usullaryny döretmek;

2) Türkmenistanda elektron hökümetiň çygrynda döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklary amala aşyrmakda sargyt edijiler üçin mümkinçilikleri döretmek;

3) döwlet edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň çygrynda maglumat binýatlaryny, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyny hem-de elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny emele getirmek;

4) elektron resminama dolanyşygynyň, döwlet edaralarynyň maglumat binýatlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň we maglumatlary alyşmagyň tärlerini emele getirmegiň hasabyna ilat bilen özara gatnaşyklar amala aşyrylanda döwlet dolandyryş ulgamynda köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak;

5) telekeçiligiň subýektlerini, şol sanda statistiki hasabatlylygy bermegiň, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, ygtyýarnamalary, rugsatnamalary, sertifikatlary bermegiň, şeýle hem döwlet edaralaryndan maglumatlary almagyň barşynda elektron resminama dolanyşygyndan peýdalanmaga geçirmek;

6) telekeçiligiň subýektleri tarapyndan elektron täjirçiligiň, önümi ýerlemegiň ulgamlaryndan peýdalanylmagynyň we satyn alnyşyň bütindünýä Internet maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylmagynyň, şeýle hem hasaba almagyň, gözegçiligiň we jemagat hyzmatlary üçin tölegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň gerimini giňeltmek;

7) nagt däl elektron tölegler, döwlet tarapyndan satyn alnyşy amala aşyrmak, uzak aralykdan elýeterlilik ulgamlaryny we bank-maliýe ulgamynda işiň beýleki elektron görnüşlerini ösdürmek.

4-nji madda. Elektron hökümetiň işiniň esasy ýörelgeleri

Şular elektron hökümetiň işiniň esasy ýörelgeleridir:

1) döwlet edaralarynyň işiniň açyklygy we aýdyňlygy;

2) elektron döwlet hyzmatlarynyň sargyt edijiler üçin deň derejede elýeterliligi;

3) elektron döwlet hyzmatlarynyň köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylmagy;

4) döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmegi;

5) elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjylaryndan peýdalanylmagy;

6) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi;

7) maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

8) sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryna deň hukuklylygy.

5-nji madda. Elektron hökümetiň işiniň maliýeleşdirilmegi

Elektron hökümetiň işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.


II BAP. ELEKTRON HÖKÜMETIŇ IŞI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

6-njy madda. Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara (mundan beýläk — ygtyýarly edara), şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektron hökümetiň işi babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

3) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini kesgitleýär;

4) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini belleýär;

5) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryny tassyklaýar;

6) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegiň usulyýetini, şeýle hem elektron hökümetiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliliginiň maksatlaýyn görkezijilerini tassyklaýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

Ygtyýarly edara elektron hökümetiň işi babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar, elektron hökümetiň işinde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we elektron hökümet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip düzülmegini amala aşyrýar;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

3) döwlet edaralarynyň elektron hökümet çygryndaky işini utgaşdyrýar;

4) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy baradaky hasabat maglumatlaryny düzýär we işläp taýýarlaýar;

5) elektron hökümetiň kömekçi hyzmat pudaklarynyň, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň hereket etmegini üpjün edýär;

6) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň hiline, şeýle hem elektron hökümetiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliliginiň maksatlaýyn görkezijileriniň gazanylmagynyň derejesine baha berilmegini amala aşyrýar;

7) maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak boýunça ülňüleriň we tehniki talaplaryň esasynda elektron hökümetiň tehniki esaslaryny emele getirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;

8) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini we pudagara elektron maglumat alyş-çalyş amallaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär;

9) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurlarynyň ylalaşylmagyny amala aşyrýar;

10) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynyň emele getirilmegine we ýöredilmegine gatnaşýar;

11) elektron hökümetiň maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň maglumat howpsuzlygyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar;

12) işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

13) elektron hökümetiň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegine gatnaşýar;

14) halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

15) elektron hökümeti emele getirýän ulgamlaryň (elektron döwlet hyzmaty, elektron görnüşde pudagara özara hyzmatdaşlyk ulgamy, web-saýtlar, maglumat binýatlary we beýlekiler) ygtybarly işjeňligini, elýeterliligini, ätiýaçlylygyny, maglumat howpsuzlygyny we kiberhowpsuzlygyny üpjün edýär;

16) Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyna fiziki we ýuridik şahslara hödürlenýän hyzmatlary ýerleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirýär;

17) elektron hökümetiň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işini üpjün edýär;

18) elektron hökümetiň peýdalanyjylaryny barabarlandyrmagyň we autentifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamynyň işini üpjün edýär;

19) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini işläp taýýarlaýar;

20) elektron görnüşde pudagara özara hyzmatdaşlyk ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini işläp taýýarlaýar;

21) döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryny işläp taýýarlaýar;

22) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

9-njy madda. Döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy

Döwlet edaralary elektron hökümetiň işi babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

3) maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagyny, ösdürilmegini we bileleşikli hereketini üpjün edýärler;

4) ygtyýarly edara bilen ylalaşmak arkaly, öz işleriniň çygyrlarynda elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurlaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar;

5) özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmatlarynyň elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda bellige alynmagyny hem-de Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynda ýerleşdirilmegini üpjün edýärler;

6) sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryny islegleri boýunça saýlap almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegini üpjün edýärler;

7) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin zerur şertleri döredýärler;

8) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler;

9) maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;

10) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;

11) maglumat ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny hem-de torlaryny döwlet we beýleki maksatnamalaryň esasynda ösdürmegiň pudaklaýyn meýilnamalaryny (maksatnamalaryny) işläp taýýarlaýarlar;

12) özleriniň resmi web-saýtlarynyň işjeňligini hem-de täzelenip durulmagyny, şeýle hem olarda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibi baradaky maglumatyň çap edilmegini üpjün edýärler;

13) özleriniň düzüm bölümlerinde maglumat-kommunikasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler;

14) özara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri arkaly, sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşy barada maglumat almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegini üpjün edýärler;

15) elektron hökümet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;

16) ilata edilýän sanly hyzmatlaryň ygtybarly işjeňligini, elýeterliligini, ätiýaçlylygyny, maglumat howpsuzlygyny we kiberhowpsuzlygyny üpjün edýärler;

17) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.


III BAP. ELEKTRON DÖWLET HYZMATLARYNY ÝERINE ÝETIRMEK

10-njy madda. Elektron döwlet hyzmatlaryny köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça ýerine ýetirmek

Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň şeýle hyzmaty ýerine ýetirmek üçin beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary hem-de maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylýar. Şunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasy görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly, sargyt edijini gatnaşdyrmazdan, özbaşdak alýar.

11-nji madda. Döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmegini amala aşyrmak

1. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda döwlet edaralarynyň ulanýan resminamalary öz aralarynda bir ülňä getirilmelidir.

2. Resminamalaryň bir ülňä getirilmegi ygtyýarly edara bilen bilelikde gönüden-göni döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

12-nji madda. Elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak

1. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanylýar.

2. Elektron hökümetiň merkezi maglumat binýadynda, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda maglumatlary saklamak we işläp taýýarlamak elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar.

3. Elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjylarynyň sanawy, ony emele getirmegiň, ýöretmegiň we peýdalanmagyň tertibi, şeýle hem sargyt edijiniň ol tarapyndan berlen barabarlandyryja laýyklygyny anyklamagyň tertibi elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

13-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibini kämilleşdirmek

1. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygynyň tertibi şular arkaly hökmany kämilleşdirilmäge degişlidir:

1) artykmaç administratiw amallary aradan aýyrmak we (ýa-da) birleşdirmek hem-de döwlet edaralarynyň birmeňzeş wezipeleriniň sanyny azaltmak;

2) sargyt edijiler tarapyndan berilýän resminamalaryň sanyny azaltmak;

3) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny amatly görnüşe getirmek;

4) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň möhletlerini gysgaltmak.

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri işläp düzmäge we amala aşyrmaga borçludyrlar.

14-nji madda. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek

1. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende ulanylýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary şahsy maglumatlaryň, şeýle hem döwlet syrlaryny ýa-da kanun arkaly goralýan beýleki bir syry düzýän maglumatlaryň goragyny we ol maglumatlara birugsat aralaşmagyň öňüniň alynmagyny üpjün etmek boýunça zerur guramaçylyk-tehniki çäreleri amala aşyrýarlar.

3. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda saklanylýan şahsy maglumatlar olar özüne degişli bolup durýan sargyt edijiniň razylyk bermegi boýunça işlenip taýýarlanylmagy, berilmegi we alynmagy üçin ulanylýar, kanunçylykda göz öňünde tutulan halatlary muňa degişli däldir.

15-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň görnüşleri

1. Elektron döwlet hyzmatlary maglumat we interaktiw döwlet hyzmatlary görnüşinde bolup biler.

2. Sargyt edijileriň maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen, döwlet edarasynyň işi baradaky maglumaty çap etmek we başga bir görnüşde ýaýratmak arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty maglumat döwlet hyzmaty bolup durýar.

3. Sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky iki taraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty interaktiw döwlet hyzmaty bolup durýar.

16-njy madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawy

1. Elektron döwlet hyzmatlary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda bellige alynmalydyr.

2. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalaryň hem-de maglumatlaryň sanawy we formaty baradaky, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär döwlet edaralary baradaky maglumat görkezilmelidir.

Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

17-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryna bildirilýän talaplar

1. Maglumat döwlet hyzmatlary doly we ygtybarly maglumaty özünde saklamalydyr.

2. Interaktiw döwlet hyzmatlary:

1) maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak çygryndaky kanunçylygyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň esasynda döredilmelidir;

2) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurynyň esasynda ýerine ýetirilmelidir;

3) şahsy maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan hyzmatlaryň sargyt edijiler üçin howpsuz görnüşde elýeterli bolmagyny üpjün etmelidir;

4) elektron döwlet hyzmaty boýunça sargytnamany ibermäge we hyzmatyň netijesini almaga mümkinçiligi üpjün etmelidir;

5) doly, ygtybarly we birugsat aralaşylmagyndan goralýan maglumaty özünde saklamalydyr.

18-nji madda. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama bildirilýän talaplar

1. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnamanyň düzümine, formatyna, barabarlandyryjysyna, resmileşdirilmeginiň we iberilmeginiň tertibine bildirilýän talaplar elektron döwlet hyzmatlarynyň dessury bilen kesgitlenýär.

2. Sargyt edijiniň barabarlandyrylmagynyň geçirilmegini talap edýän elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama elektron resminama görnüşinde bolmalydyr.

3. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada elektron resminama görnüşinde iberilen sargytnama kagyz görnüşinde iberilen sargytnama deňleşdirilýär.

19-njy madda. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça berilýän jogaba bildirilýän talaplar

1. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça berilýän jogabyň düzümine, formatyna, barabarlandyryjysyna, resmileşdirilmeginiň we iberilmeginiň tertibine bildirilýän talaplar elektron döwlet hyzmatlarynyň dessury bilen kesgitlenýär.

2. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä iberilýän jogap, kada bolşy ýaly, elektron resminama görnüşinde bolmalydyr we elektron döwlet hyzmatynyň dessurynda bellenen möhletlerde iberilmelidir.

3. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä elektron resminama görnüşinde iberilýän jogap kagyz görnüşinde iberilen jogaba deňleşdirilýär.

20-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmakda sargyt edijiniň hukuklary

1. Sargyt ediji şulara hukuklydyr:

1) elektron döwlet hyzmatlaryndan öz wagtynda we elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryna laýyklykda peýdalanmaga;

2) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi barada doly we ygtybarly maglumaty almaga;

3) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşy baradaky maglumaty özara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri (resmi web-saýt, telefon, elektron poçta, «gyssagly liniýa» we beýlekiler) arkaly almaga;

4) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň çözgütleri, olaryň wezipeli işgärleriniň hereketleri (hereketsizligi) barada tabynlygynyň tertibine görä ýokarda duran edaralara ýa-da wezipeli adamlara, ýa-da kazyýete bellenen tertipde şikaýat etmäge;

5) ses bermek, teklipleri ibermek ýa-da pikir soraşmagyň degişli nusgalaryny ýazyp doldurmak arkaly, elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha berilmegine gatnaşmaga;

6) elektron döwlet hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri girizmäge.

2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, sargyt ediji beýleki hukuklara-da eýe bolup biler.

21-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegi geçirmek

1. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegi geçirmek ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan usulyýet esasynda, şeýle hem jemgyýetçiligiň pikirini öwrenmek arkaly amala aşyrylýar.

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary baha berilmeginiň netijelerini göz öňünde tutmak bilen, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga borçludyrlar.


IV BAP. ELEKTRON HÖKÜMETIŇ HEREKET ETMEGINI GURAMAK

22-nji madda. Elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş pudaklary

Elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş pudaklary şulardan ybarat:

1) döwlet maglumat binýatlaryndan;

2) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamlaryndan;

3) döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlaryndan we maglumat binýatlaryndan we olaryň toplumlaryndan;

4) döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlaryndan we Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyndan;

5) Maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezinden;

6) elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş beýleki pudaklaryndan.

23-nji madda. Elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary

1. Maglumatyň ýeke-täk merkezleşdirilen çeşmeleri bolup durýan, döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi we pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy üçin döwlet edaralarynyň esasy maglumatlary umumylaşdyrylýan we saklanylýan döwlet maglumat gorlary elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary bolup durýar.

2. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlaryndaky maglumat ulanylýar. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygy üçin zerur bolan beýleki maglumat döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda saklanylyp bilner.

Elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlaryny döretmegiň, ulanmagyň we saklamagyň tertibi elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

24-nji madda. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy, döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary we olaryň toplumlary

1. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende döwlet edaralarynyň öz borçlaryny we wezipelerini berjaý etmekleri üçin, olaryň özara hyzmatdaşlygyny üpjün edýär.

2. Döwlet edaralary tarapyndan maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary döredilende, pudagara elektron maglumat alyş-çalşygy üpjün etmek üçin, olaryň elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary bilen goşulyşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr.

3. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy maglumaty toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak boýunça bildirilýän talaplaryň esasynda hereket edýär.

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

4. Döwlet edaralarynda ulanylýan resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, esasan, elektron resminamalar görnüşinde döredilmelidir, iberilmelidir we saklanylmalydyr.

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly berilýän resminamalaryň we maglumatyň sanawy elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurynda bellenilýär.

5. Elektron hökümetde döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary maglumatyň toplanylmagyny, saklanylmagyny, gözlenilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, şeýle hem şol edaralaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde peýdalanylmagyny üpjün edýär.

6. Elektron hökümetde döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary maglumatyň toplanylmagyny, saklanylmagyny, gözlenilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, şeýle hem ol edaralaryň öz aralarynda elektron görnüşde özara hyzmatdaşlyk amallarynyň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýän toplumlara birigip bilerler.

25-nji madda. Döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlary we Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly

1. Sargyt edijilere elektron döwlet hyzmatlary döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlarynyň hem-de döwlet edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän interaktiw döwlet hyzmatlaryna elýeterliligiň ýeke-täk nokady bolup durýan Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi baradaky maglumaty özleriniň resmi web-saýtlarynda ýerleşdirýärler.


V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

26-njy madda. Jedelleri çözmek

Elektron hökümet babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

27-nji madda. Elektron hökümet hakynda kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.

28-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.