Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 3639

I. 2008-nji ýylyň 3-nji martynda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 18-nji madda; 2018 ý., № 4, 99-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 137-nji madda) şu üýtgetmäni we goşmaçany girizmeli:

4-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaga hödürlemek hödürlenilýän enäniň hakyky ýaşaýan ýeri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Enäniň ýaşaýan ýeri Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda kesgitlenilýär.»;

7-nji bende şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ene ölen ýagdaýynda, onuň maşgala agzalary üçin şu bendiň birinji tesiminde görkezilen suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga bolan hukuk enäniň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä saklanyp galýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.