Ï Türkmenistanyň topary «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň topary «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşar

view-icon 4691
Türkmenistanyň topary «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşar

Şu gün Türkmenistanyň topary 13-16 ýaşly türgenleriň arasynda 27-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Wladiwostokda geçiriljek «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşmak üçin ugrady.

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde habar berlişine görä, Türkmenistanyň wekiliýetiniň hatarynda jemi 85 adam, şol sanda 62 türgen, 16 tälimçi, basketbol boýunça 1 emin, şeýle hem sport görnüşleri boýunça toparlaryň wekilleri we resmi adamlar bar.

Oýunlara 15 döwletden, şeýle hem Russiýanyň 8 sebitinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar, olar sportuň 19 görnüşinde medallaryň 273 toplumy ugrunda bäsleşerler.

Türkmenistanly türgenler sportuň 9 görnüşi boýunça - 3х3 basketbolda, göreşde, ýeňil atletikada, stol üstünde oýnalýan tennisde, suwda ýüzmekde, sport göreşinde (grek-rim we erkin), ýaýdan ok atmakda bäsleşerler.

Düýn Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler otagynda ildeşlerimizi «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna ugratmak dabarasy boldy. Çäräniň dowamynda ýaşuly nesliň we sport jemgyýetçiliginiň wekilleri bu möhüm ýaryşda olara üstünlikler, oýunlarda ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermegi arzuw etdiler.

 «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlary 1996-njy ýyldan bäri dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Ol Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mihail Nikolaýewiň başlangyjy bilen Olimpiýa hereketiniň 100 ýyllygy mynasybetli döredildi. 

 «Aziýanyň çagalary» oýunlary Olimpiýa hereketini wagyz etmegi, çagalar- ýetginjekler sportuny ösdürmegi we halkara sport hyzmatdaşlygyny berkitmegi maksat edinýär. «Sport dostlugyndan – Ýer ýüzünde parahatçylyga» we «Aziýanyň çagalary» – ýeňişleriň gözbaşy» oýunlaryň şygarydyr.

 2012-nji ýylda ÝUNESKO halkara guramasy oýunlara howandarlygyny beýan etdi.

 Oýunlar alty gezek Sahada (Ýakutskide) geçirildi. Ýedinjisini 2020-nji ýylda Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirmek göz öňünde tutulýardy, ýöne pandemiýa zerarly geçirilmedi. Indi «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlary Wladiwostokda geçirilýär.

 «Aziýanyň çagalary» VIII tomusky Halkara sport oýunlarynyň 2024-nji ýylda Sahada (Ýakutskide) geçiriljekdigi eýýämden aýan edildi.

Türkmenistanyň topary «Aziýanyň çagalary» oýunlaryna 2008-nji ýyldan bäri gatnaşýar.