mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 3300

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmeli:

1. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý.,
№ 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý.,
№ 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda,
№ 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda, № 3, 112-nji madda, № 4, 134-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2019 ý., № 1, 11-nji madda, № 4, 71-nji madda; 2020 ý., № 3, 48-nji madda; 2021ý., № 1, 25-nji madda):

1) 93-nji maddanyň birinji böleginde «welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 94-nji maddanyň birinji böleginde «welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň bölümlerini» diýen sözleri «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň RÝNÝ bölümlerini» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý.,
№ 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 4, 166-njy madda; 2017 ý., № 4, 143-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda, № 4, 109-njy madda, 2021 ý., № 1,
19-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 30-njy madda):

1) 1-nji maddanyň 23-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«23) RÝNÝ edaralary — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň (mundan beýläk — RÝNÝ müdirligi) welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň RÝNÝ bölümlerini (mundan beýläk — RÝNÝ bölümleri), Geňeşleri öz içine alýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralary, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary;»;

2) 184-nji maddada:

ikinji bölekde «Welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň» diýen sözleri aýyrmaly;

bäşinji bölekde «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi (mundan beýläk — RÝNÝ Merkezi arhiwi)» diýen sözleri «RÝNÝ müdirligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 189-njy maddanyň altynjy böleginde:

birinji tesimde «RÝNÝ Merkezi arhiwi» we «RÝNÝ Merkezi arhiwiniň» diýen sözleri degişlilikde «RÝNÝ müdirligi» we «RÝNÝ müdirliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji we soňky tesimlerde «RÝNÝ bölümleri, RÝNÝ Merkezi arhiwi» diýen sözleri «RÝNÝ müdirligi we RÝNÝ bölümleri» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2013-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 3-nji madda; 2015 ý.,
№ 4, 128-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; 2019 ý., № 1,
9-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, № 1-2, 30-njy madda) 106-njy maddasynda:

ikinji bölekde «jaýlardyr» diýen sözden soň «ýa-da ýaşaýyş jaýlarynda şol maksatlar üçin bölünip berlen olaryň bölekleridir» diýen sözleri goşmaly;

ýedinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«71. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän şu Kodeksiň 12-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenen häsiýetleri özünde saklaýan öýleri bu umumy ýaşaýyş jaýlaryň degişli bolan ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, beýleki edaralaryň, kärhanalaryň çözgüdi esasynda umumy ýaşaýyş jaýlarynyň hataryndan çykarylmagyna ýol berilýär. Şunda umumy ýaşaýyş jaýlarynyň hataryndan çykarylan öýi hataryndan çykarylan umumy ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän dolandyryş-çäk birliginiň degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň tabynlygyndaky ýaşaýyş jaý gaznasyna geçirilýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde resmileşdirilýär.».

4. 2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky «Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 43-nji madda; 2014 ý., № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 2,
36-njy madda) 7-nji maddasynda:

ikinji bölegiň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«3) umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän (muňa şu maddanyň bir belgili üçünji böleginde bellenenler degişli däldir);»;

üçünji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«31. Umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşýän öýi, eger ol Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 12-nji maddasynyň üçünji böleginde bellenen häsiýetleri özünde saklaýan bolsa hem-de şol Kodeksiň 106-njy maddasynyň bir belgili ýedinji böleginde bellenen tertipde umumy ýaşaýyş jaýlarynyň hataryndan çykarylan bolsa, hususylaşdyrylyp bilner.».

5. 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 91-nji madda; 2017 ý., № 1,
31-nji madda; 2018 ý., № 2, 32-nji madda; 2019 ý.,
№ 2, 29-njy madda; 2020 ý., № 1, 6-njy madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda):

1) 4-nji maddada:

15-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«151) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagyny amala aşyrmak;»;

16-njy bentde «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (mundan beýläk — RÝNÝ) Merkezi arhiwine» diýen sözleri «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (mundan beýläk — RÝNÝ) müdirligine» diýen sözlere çalşyrmaly;

18-nji bendi aýyrmaly;

19-24-nji bentleri degişlilikde 18-23-nji bentler diýip hasap etmeli;

2) 8-nji maddanyň birinji böleginiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirligi.»;

3) 14-nji maddada:

birinji bölekde «welaýatlarda,» diýen sözi aýyrmaly;

üçünji bölekde «Welaýat we Aşgabat şäher notarial edaralaryna» diýen sözleri «Aşgabat şäher döwlet notarial edarasyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 15-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«15-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirligi

1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirligi raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige we hasaba alynmagy, toplanylmagy, hemişelik saklanylmagy we peýdalanylmagy babatda döwlet dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edarasydyr.

2. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslary, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

3. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirligine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

4. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň RÝNÝ bölümlerine Türkmenistanyň adalat ministri tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan müdir ýolbaşçylyk edýär.

5. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirligi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň adalat ministri tarapyndan tassyklanylýar.»;

5) 16-njy maddada:

23-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«231) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrmaga;

232) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň kanunçylyga laýyk amala aşyrylmagyny we iş önümçiliginiň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmäge;»;

24-nji, 25-nji bentlerde «döwlet belligine» diýen sözleri «döwlet tarapyndan bellige» diýen sözlere çalşyrmaly;

27-nji bentde «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky RÝNÝ Merkezi arhiwine» diýen sözleri «RÝNÝ müdirligine» diýen sözlere çalşyrmaly.

6. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 85-nji madda):

1) 1-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «döwlet belligine» diýen sözleri «döwlet tarapyndan bellige (mundan beýläk — döwlet belligine)» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 3-nji maddada:

birinji bölekde «döwlet tarapyndan bellige (mundan beýläk — döwlet belligine)» diýen sözleri «döwlet belligine» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Şu Kanunda bellenilen tertipde aşakdaky raýat ýagdaýynyň namalary döwlet belligine alynmaga degişlidir:

1) dogluş;

2) nika baglaşylmagy;

3) nikanyň bozulmagy;

4) perzentlige (ogullyga ýa-da gyzlyga) alynmagy;

5) atalygyň anyklanylmagy;

6) familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegi;

7) ölüm.»;

3) 4-nji maddanyň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň (mundan beýläk — RÝNÝ müdirligi) welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölümleri (mundan beýläk — RÝNÝ bölümleri)»;

4) 6-njy maddada:

dördünji bölegiň birinji tesiminde «şahadatnamalaryny» diýen sözüň öňünde «namalarynyň» diýen sözi goşmaly;

altynjy bölege şu mazmunly ikinji tesimi goşmaly:

«Birinji tesimde görkezilen halatlarda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň belli bir RÝNÝ bölüminde döwlet belligine alynmagy göz öňünde tutulan mahaly döwlet belligine alynmagy bilen bagly hereketi RÝNÝ müdirligi tarapyndan başga RÝNÝ bölüminiň üstüne ýüklenilip bilner.»;

5) 7-nji maddada:

onunjy bölegiň birinji tesiminde «welaýat, welaýat hukukly şäher häkimlikleriniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

on birinji bölekde «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwine (mundan beýläk — RÝNÝ Merkezi arhiwi)» diýen sözleri «RÝNÝ müdirligine» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 8-nji maddada:

ikinji bölegiň birinji tesimini aýyrmaly;

dördünji bölegiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«RÝNÝ müdirligi tarapyndan gaýtadan raýat ýagdaýynyň namasynyň şahadatnamasy berlen ýagdaýynda görkezilen şahadatnama RÝNÝ müdirliginiň ýolbaşçysy, onuň ýok wagtynda onuň orunbasary tarapyndan gol çekilýär we RÝNÝ müdirliginiň möhüri bilen berkidilýär.»;

altynjy bölegiň birinji tesiminde «Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň» diýen sözleri «RÝNÝ müdirliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 9-njy maddanyň birinji böleginde, bäşinji böleginiň birinji tesiminde we altynjy böleginde «RÝNÝ Merkezi arhiwi» diýen sözleri «RÝNÝ müdirligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 10-njy maddanyň altynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Bir bitewi döwlet sanawynyň programma üpjünçiligini işläp düzmek we döretmek Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar, onuň hereket etmegine gözegçilik etmek RÝNÝ müdirligi tarapyndan amala aşyrylýar.

Bir bitewi döwlet sanawynyň alnyp barylmagy we hereket etmegi RÝNÝ müdirliginde döredilýän Bir bitewi döwlet sanawyny alyp barýan bölüm tarapyndan amala aşyrylýar.

Bir bitewi döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibi we Bir bitewi döwlet sanawynda saklanýan maglumatlary bermegiň tertibi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellenilýär.»;

9) 14-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«1. RÝNÝ bölüminiň ýa-da Geňeşiň wezipeli adamynyň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet belligine almak bilen bagly bolmadyk hereketlerine edilen şikaýatlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seredilýär.»;

10) 16-njy maddanyň mazmunynda «RÝNÝ Merkezi arhiwi» we «RÝNÝ Merkezi arhiwiniň» diýen sözleri degişlilikde «RÝNÝ müdirligi» we «RÝNÝ müdirliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 17-nji maddanyň ikinji böleginde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we» diýen sözleri «Türkmenistanyň Adalat ministrligi, RÝNÝ müdirligi we onuň welaýat we Aşgabat şäher bölümleri hem-de» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 18-nji maddada:

3-nji bendiň «ç» kiçi bendini aýyrmaly;

«d» we «e» kiçi bentleri degişlilikde «ç» we «d» kiçi bentler diýip hasap etmeli;

13) 19-njy, 20-nji we 21-nji maddalary şu görnüşde beýan etmeli:

«19-njy madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak babatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Adalat ministrligi:

1) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky RÝNÝ bölümleriniň işini guraýar, olaryň işine umumy ýolbaşçylygy, utgaşdyrmagy we gözegçiligi amala aşyrýar;

3) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär;

4) ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

5) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly arzalaryň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny ýa-da alynmandygyny tassyklaýan resminamalaryň hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly beýleki maglumatlaryň görnüşlerini tassyklaýar;

6) RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralarynyň gurluşyny tassyklaýar;

7) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak bilen bagly meseleler boýunça gönüden-göni ýa-da RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky edaralarynyň üsti bilen Geňeşlere we Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna hukuk we usulyýet kömegini berýär;

8) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy hakynda şahadatnamalaryň blanklarynyň neşir edilmegine gözegçilik edýär;

9) RÝNÝ edaralaryny raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary bilen üpjün edilmegine, olaryň hasaba alnyşyna, saklanylyşyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;

10) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meseleler boýunça gollanmalary, usulyýet maslahatlaryny işläp taýýarlaýar we olaryň neşir edilmegine gözegçilik edýär;

11) RÝNÝ müdirliginiň, onuň RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy üpjün edýär;

12) RÝNÝ bölümleriniň işgärleriniň hünär derejesini barlamak, işewür sypatlaryny kesgitlemek, hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelýändigini ýüze çykarmak maksady bilen hünär synagyny geçirýär;

13) RÝNÝ müdirliginiň we onuň garamagyndaky RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekýär;

14) RÝNÝ bölümlerini döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar;

15) RÝNÝ bölümleriniň möhürleriniň görnüşlerini tassyklaýar;

16) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

20-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak babatda RÝNÝ müdirliginiň ygtyýarlyklary

RÝNÝ müdirligi:

1) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy we hasaba alynmagy, toplanylmagy we hemişelik saklanylmagy, peýdalanylmagy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) RÝNÝ bölümleriniň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar, olaryň işini utgaşdyrýar we olara gözegçilik edýär, olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini guraýar;

3) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň şu Kanuna we raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň tertibini kesgitleýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny hem-de iş önümçiliginiň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün edýär;

4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Geňeşlere we Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna geňeşdarlyk-usulyýet kömegini berýär;

5) döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň arhiw gaznasyny döredýär we saklaýar hem-de onuň dogry peýdalanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;

6) Bir bitewi döwlet sanawyny alyp barýar we onuň hereket etmegini amala aşyrýar;

7) RÝNÝ bölümlerinde we Geňeşlerde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadynyň döredilmegini we bu binýadyň Bir bitewi döwlet sanawyna girizilmegini we ýöredilmegini üpjün edýär hem-de gözegçilikde saklaýar;

8) raýat ýagdaýynyň namalarynyň öz wagtynda döwlet belligine alynmagyna we olar babatda raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamasynyň berilmegine gözegçilik edýär;

9) RÝNÝ bölümleriniň we Geňeşleriň nama kitaplary bilen üpjün edilmegine gözegçilik edýär;

10) bellenilen tertipde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna degişli üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizýär, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny ýatyrýar we dikeldýär;

11) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy hakynda şahadatnamalaryň blanklarynyň neşir edilmegini üpjün edýär;

12) RÝNÝ edaralaryny raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary bilen üpjün edýär, olaryň hasaba alnyşyna, saklanylyşyna we peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar;

13) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmek üçin peýdalanýar;

14) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygy hakyndaky maglumatlary bellenen tertipde ýuridik we fiziki şahslara berýär;

15) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli toparlaryň işine gatnaşýar;

16) Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyny wagyz edýär, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meseleler boýunça okuw maslahatlaryny guraýar we geçirýär;

17) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny döwlet belligine almak bilen bagly meseleler boýunça usulyýet resminamalaryny (gollanmalary we beýleki usulyýet maslahatlaryny) işläp düzýär we neşir edýär;

18) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly ýüztutmalary kabul edýär, olara seredýär hem-de olar boýunça zerur çäreleri görýär;

19) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet edaralary bilen özara gatnaşyk saklaýar we arkalaşykly işleýär;

20) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly döwlet paçlarynyň hem-de beýleki tölegleriň kanunçylyga laýyklykda dogry alynmagyna gözegçilik edýär;

21) ýok edilmäge degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň bellenen tertipde ýok edilmegi üçin degişli işleri geçirýär;

22) familiýany, ady we atasynyň adyny üýtgetmek hakynda netijenamalary tassyklaýar;

23) halkara şertnamalara laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly iberilýän resminamalara seredýär, olaryň öz wagtynda we dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

24) RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini seçip almak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri guraýar;

25) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, RÝNÝ bölümleriniň işgärleriniň hünär derejesini barlamak, işewür sypatlaryny kesgitlemek, hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelýändigini ýüze çykarmak maksady bilen hünär synagyny guraýar;

26) RÝNÝ bölümleriniň möhürçeleriniň, blanklarynyň görnüşlerini tassyklaýar;

27) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

21-nji madda. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak babatda welaýat, welaýat hukukly şäher RÝNÝ bölümleriniň ygtyýarlyklary

Welaýat, welaýat hukukly şäher RÝNÝ bölümleri:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine alýarlar we olaryň öz wagtynda döwlet belligine alynmagyny üpjün edýärler;

2) etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň RÝNÝ bölümleriniň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar we olaryň işine gözegçilik edýärler, olaryň işini utgaşdyrýarlar;

3) Geňeşleriň wezipeli adamlaryna raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak işinde ýardam edýärler;

4) şu Kanuna hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň tertibini kesgitleýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagyny hem-de iş önümçiliginiň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün edýärler;

5) RÝNÝ bölümlerini we Geňeşleri nama kitaplary hem-de raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň blanklary bilen öz wagtynda üpjün edýärler;

6) raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalaryny we raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alnandygyny tassyklaýan beýleki resminamalaryň berilmegini üpjün edýärler;

7) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almak meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlaýarlar;

8) RÝNÝ bölümlerinde raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadyny döredýärler, zerur enjamlar bilen we Bir bitewi döwlet sanawyna goşulmagyny üpjün edýärler;

9) Geňeşlere döwlet belligine alnan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylarynyň elektron binýadyny döretmekde we Bir bitewi döwlet sanawyna goşulmagynda ýardam edýärler we gözegçilikde saklaýarlar;

10) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryny bir ülňä getirmek, olaryň hasabyny ýöretmek hem-de nama kitaplaryna jemlemek, olary saklamak üçin talabalaýyk şertleri üpjün edýärler;

11) RÝNÝ bölümleriniň we Geňeşleriň raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagynyň jemleýji görkezijilerini toplamagy, seljermegi, umumylaşdyrmagy amala aşyrýarlar, hasabatlary jemleýärler we olaryň dogry ýöredilişini üpjün edýärler;

12) RÝNÝ bölümleriniň arhiwleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny we saklanylmagyny üpjün edýärler;

13) RÝNÝ bölümlerini maddy-tehniki taýdan üpjün edýärler;

14) RÝNÝ bölümlerini we Geňeşleri nama kitaplarynyň, raýat ýagdaýynyň namalarynyň dogry ýöredilişini gözegçilikde saklaýarlar;

15) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly döwlet paçlarynyň hem-de beýleki tölegleriň dogry alynmagyny üpjün edýärler;

16) Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly meseleler boýunça okuw maslahatlaryny geçirýärler;

17) RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini seçip almak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirýärler;

18) halkara şertnamalara laýyklykda, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bilen bagly iberilýän resminamalaryň öz wagtynda we dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;

19) raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet belligine alynmagy bilen bagly ýüztutmalara seredýärler, RÝNÝ bölümleriniň işgärlerini düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek meseleleri boýunça teklipleri berýärler;

20) RÝNÝ bölümleriniň işini kämilleşdirmek we ilata medeniýetli hyzmat etmegi üpjün etmek, milli adatlary we däp-dessurlary öwrenmek, ulanmak, gorap saklamak hem-de ýaýratmak boýunça işleri geçirýärler;

21) raýat ýagdaýynyň namalarynyň öz wagtynda döwlet belligine alynmagyny we raýat ýagdaýynyň namalarynyň şahadatnamalarynyň berilmegini, şol sanda dogluş we ölüm hakyndaky namalaryň doly hem-de öz wagtynda döwlet belligine alynmagyny üpjün edýärler;

22) RÝNÝ bölümleriniň möhürleriniň, möhürçeleriniň, blanklarynyň öz wagtynda taýýarlanylmagyny, olaryň talabalaýyk bolmagyny üpjün edýärler;

23) RÝNÝ bölümleriniň işiniň guralyşyny gowulandyrmak, ony talabalaýyk edara jaýy, enjamlar, guramaçylyk tehnikasy, milli däp-dessurly nyşanlar bilen üpjün etmek baradaky teklipleri degişli edaralara berýärler;

24) Türkmenistanyň kanunçylygynda özleriniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.»;

14) 22-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. RÝNÝ bölümleri dogluşyň, nikanyň baglaşylmagynyň, nikanyň bozulmagynyň, perzentlige alynmagynyň, atalygyň anyklanylmagynyň, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmeginiň, ölümiň döwlet belligine alynmagyny geçirýärler.»;

15) 23-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň dogluşyny, nikasynyň baglaşylmagyny, nikasynyň bozulmagyny, perzentlige alynmagyny, atalygyň anyklanylmagyny, familiýasynyň, adynyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegini, ölümini döwlet belligine almagy geçirýärler, gaýtadan şahadatnamalary we güwänamalary bermegi amala aşyrýarlar.»;

16) 24-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Geňeşler dogluşyň, nika baglaşylmagynyň, nikanyň bozulmagynyň, atalygyň anyklanylmagynyň, ölümiň döwlet belligine alynmagyny geçirýärler, şeýle hem güwänamalary berýärler.»;

17) 35-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «nika hakynda şahadatnama» diýen sözleri «nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama» diýen sözlere çalşyrmaly;

18) 37-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde «RÝNÝ edarasy,» diýen sözlerden soň «migrasiýa gullugynyň, içeri işler,» diýen sözleri goşmaly;

19) IV babyň adynda «Nika baglaşylandygyny» diýen sözleri «Nikanyň baglaşylmagyny» diýen sözlere çalşyrmaly;

20) 38-nji maddanyň adynda we mazmunynda, 39-njy maddanyň adynda «Nika baglaşylandygyny», «nika baglaşylandygyny», «Nika baglaşylandygynyň» diýen sözleri degişlilikde «Nikanyň baglaşylmagyny», «nikanyň baglaşylmagyny», «Nikanyň baglaşylmagynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

21) 40-njy maddanyň üçünji böleginiň 1-nji bendinde «nika baglaşylandygynyň» diýen sözleri «nikanyň baglaşylmagynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

22) 41-nji maddanyň adynda we mazmunynda «Nika baglaşylandygyny», «nika baglaşylandygyny» diýen sözleri degişlilikde «Nikanyň baglaşylmagyny», «nikanyň baglaşylmagyny» diýen sözlere çalşyrmaly;

23) 42-nji maddanyň adynda we birinji böleginde «Nika baglaşylandygy» diýen sözleri «Nikanyň baglaşylmagy» diýen sözlere çalşyrmaly;

24) 43-nji maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde, ikinji böleginiň ikinji tesiminde «nika baglaşylandygynyň», «nika baglaşylandygyny» diýen sözleri degişlilikde «nikanyň baglaşylmagynyň», «nikanyň baglaşylmagyny» diýen sözlere, üçünji tesiminde «nikanyň bozulandygynyň» diýen sözleri «nikanyň bozulmagynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

25) V babyň adynda, 46-njy maddanyň adynda we mazmunynda, 47-nji maddanyň adynda we mazmunynda, 48-nji maddanyň adynda, 49-njy maddanyň adynda we mazmunynda «Nikanyň bozulandygyny», «nikanyň bozulandygyny», «Nikanyň bozulandygynyň» diýen sözleri degişlilikde «Nikanyň bozulmagyny», «nikanyň bozulmagyny», «Nikanyň bozulmagynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

26) 54-nji maddanyň üçünji böleginde «RÝNÝ Merkezi arhiwine» diýen sözleri «RÝNÝ müdirligine» diýen sözlere çalşyrmaly;

27) VII babyň adynda, 62-nji maddanyň adynda we mazmunynda, 63-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji, 5-nji bentlerinde we ikinji böleginde, 64-nji maddanyň mazmunynda «Atalygyň anyklanylandygynyň», «Atalygyň anyklanylandygyny», «atalygyň anyklanylandygynyň», «atalygynyň anyklanylandygy» diýen sözleri degişlilikde «Atalygyň anyklanylmagynyň», «Atalygyň anyklanylmagyny», «atalygyň anyklanylmagynyň», «atalygynyň anyklanylmagy» diýen sözlere çalşyrmaly;

28) 61-nji maddada:

adynda we birinji böleginde «Atalygyň anyklanylandygyny» diýen sözleri «Atalygyň anyklanylmagyny» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji bölegiň 2-nji bendinde ýaýdan soň «hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen» diýen sözleri goşmaly;

ikinji bölekde «Atalygyň anyklanylandygynyň» diýen sözleri «Atalygyň anyklanylmagynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

29) VIII babyň adynda, 70-nji maddanyň adynda we ikinji böleginde, 73-nji maddanyň adynda we birinji, dördünji böleklerinde, 76-njy maddanyň adynda we altynjy böleginde «adynyň üýtgedilendigi», «adynyň üýtgedilendigini», «adynyň üýtgedilendiginiň» diýen sözleri degişlilikde «adynyň üýtgedilmegi», «adynyň üýtgedilmegini», «adynyň üýtgedilmeginiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

30) 85-nji maddanyň dördünji böleginde, 86-njy maddanyň üçünji we bäşinji böleklerinde, 87-nji maddanyň birinji we üçünji böleklerinde, 89-njy maddanyň dördünji böleginde, 91-nji maddanyň birinji, üçünji, dördünji, bäşinji we altynjy böleklerinde, 92-nji maddanyň birinji, ikinji we dördünji böleklerinde, 93-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde «RÝNÝ Merkezi arhiwinde», «RÝNÝ Merkezi arhiwine», «RÝNÝ Merkezi arhiwi», «RÝNÝ Merkezi arhiw», «RÝNÝ Merkezi arhiwiniň» diýen sözleri degişlilikde «RÝNÝ müdirliginde» «RÝNÝ müdirligine», «RÝNÝ müdirligi», «RÝNÝ müdirliginiň» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.