Ï Türkmenistanyň Kanuny «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda

view-icon 7517

I. 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 15-nji madda; 2011 ý., № 4, 80-nji madda; 2016 ý., № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 93-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 82-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 31-nji madda) 6-njy maddasynyň 12-nji bendinden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«121) gümrük işi çygrynda täze maglumat ulgamlarynyň we tehnologiýalaryň ösdürilmegini we ornaşdyrylmagyny üpjün etmek;

122) döwrebap tehnologiýalaryň we enjamlaryň ulanylmagy bilen, gümrük işinde töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyna esaslanyp gümrük gözegçiligini kämilleşdirmek;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.