Ï Türkmenistanyň Kanuny «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 5244

I. 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 5-nji madda; 2019 ý., № 2, 33-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 135-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 6-njy maddanyň birinji böleginde «Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi» diýen sözleri «Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 7-nji maddanyň 3-nji bendine şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:

«h) Awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak üçin pul serişdeleriniň geçirimlerini hasaplamagyň we peýdalanmagyň tertibini;»;

3) 8-nji maddada:

2-nji bentden soň şu mazmunly bentleri goşmaly:

«21) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;

22) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy we saklanylmagy boýunça işler amala aşyrylan mahalynda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;

23) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy we saklanylmagy boýunça işleriň guralmagyny amala aşyrýar;»;

6-njy bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:

«h) Awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak üçin pul serişdeleriniň geçirimlerini hasaplamagyň we peýdalanmagyň tertibini;»;

10-njy bentde «welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň» diýen sözleri «öz» diýen söze çalşyrmaly we «belgilerini» diýen sözden soň «we atlary» diýen sözleri goşmaly;

4) 9-njy maddanyň 6-njy bendinde «we ýol işi boýunça hasabatlary» diýen sözleri aýyrmaly;

5) 10-njy maddada:

birinji bölekde «boýunça» diýen sözden soň «ygtyýarly edaranyň,» diýen sözleri goşmaly;

ikinji bölegiň birinji tesiminde «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň» diýen sözleri «Ygtyýarly edaranyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 19-njy maddanyň ikinji böleginde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözleri «ygtyýarly edara» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 31-nji maddanyň birinji böleginde «Ygtyýarly edaranyň,» diýen sözlerden soň «onuň kärhanalarynyň we guramalarynyň,» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.