Ï Türkmenistanyň Kanuny «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 6235

I. 2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 20-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 1-nji maddada:

1-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) demir ýol ulagynda daşaýjy — demir ýol ulagynda daşaýyş şertnamasy boýunça ýolagçyny, iberiji tarapyndan oňa ynanylan ýüki, goşy, ýük goşuny, poçtany we oňa degişli bolmadyk ýüksüz ýük wagonyny bellenilen nokada çenli eltmek, şeýle hem ýüki, goşy, ýük goşuny, poçtany, ýüksüz ýük wagonyny kabul edip almaga ygtyýarly edilen şahsa ýa-da ýüki alyja (alyja) tabşyrmak borjuny öz üstüne alan ýuridik ýa-da fiziki şahs;»;

2-nji bentde «demir ýol otlusynyň düzümi» diýen sözleri «demir ýol hereketli düzüm» diýen sözlere çalşyrmaly;

şu mazmunly bendi goşmaly:

«17) infrastrukturanyň eýesi — infrastruktura eýeçilik hukugy bolan ýa-da şertnama esasynda olardan peýdalanyp, hyzmatlary amala aşyrmaga hukugy bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs.»;

2) 8-nji maddada 2-nji bentde:

«b» we «ä» kiçi bentleri güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli;

«e» kiçi bentde «we olaryň daşalmagyna bildirilýän talaplary» diýen sözleri aýyrmaly;

3) 9-njy maddada:

5-nji bentde:

«a» we «ç» kiçi bentleri güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli;

«e» kiçi bentde «we olaryň daşalmagyna bildirilýän talaplary» diýen sözleri aýyrmaly;

10-njy bentde şu mazmunly kiçi bentleri goşmaly:

«e) demir ýol ulagyndaky düzgünlerini;

ä) demir ýol ulagynda howply ýükleriň daşalmagyna bildirilýän talaplaryny;

f) ýany bilen harbylaşdyrylan goragly äkidilmäge degişli ýükleriň sanawyny we olaryň goragynyň düzgünini;

g) demir ýol beketleriniň, şol sanda kiçi beketleriniň (razýezdleriniň), ozuş nokatlarynyň ulanylmagy üçin nyrhlaryny, ýygymlaryny we töleglerini;»;

4) 12-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«12-nji madda. Demir ýol ulagynda nyrhlar, ýygymlar we tölegler

1. Demir ýol ulagynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny we poçtany hem-de ýüksüz ýük wagonyny içerki gatnawlar boýunça daşamak üçin nyrhlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär we olar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli daşaýjylar tarapyndan ulanylmaga degişlidir.

Býujetden sarp edijiler üçin demir ýol ulaglary bilen ýükleri daşamak hyzmatlarynyň nyrhlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.

2. Demir ýol ulagynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny we poçtany hem-de ýüksüz ýük wagonyny içerki gatnawlar boýunça daşamaga degişli hyzmatlar üçin ýygymlar (býujetden sarp edijileriň ýüklerini daşamak muňa degişli däldir) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan daşaýjylar tarapyndan bellenilýär.

3. Demir ýol ulagynda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny we poçtany hem-de ýüksüz ýük wagonyny halkara gatnawlar boýunça daşamak üçin nyrhlar we olara degişli hyzmatlar üçin ýygymlar halkara şertnamalara laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan daşaýjylar tarapyndan bellenilýär.

4. Demir ýol beketleriniň, şol sanda kiçi beketleriniň (razýezdleriniň), ozuş nokatlarynyň ulanylmagy üçin nyrhlar, ýygymlar we tölegler ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda demir ýol ulagyndaky nyrhlar we tölegler boýunça ýeňillikler bellenilip bilner.

Görkezilen ýeňillikleriň bellenilmeginden gelip çykýan ýitgileriň öweziniň dolunmagynyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.

6. Daşamagyň şertnamasyndan gelip çykýan borçnamany bozandygy üçin daşamalara gatnaşyjynyň beýleki gatnaşyja tölemäge borçly bolan, borçnamanyň jemi bahasynyň göteriminden hasaplanylan kesgitli pul möçberinde puşmana tölegi taraplaryň ylalaşygy esasynda kesgitlenilýär.

Taraplaryň ylalaşygynda puşmana töleginiň pul möçberi bellenilmedik bolsa, onda ol ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan nyrhnama laýyklykda bellenilýär.»;

5) 20-nji maddanyň adyny we birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«20-nji madda. Ýolagçylary gatnatmagy, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny hem-de ýüksüz ýük wagonlaryny daşamagy amala aşyrmagyň esaslary

1. Demir ýol ulagy bilen içerki we halkara gatnawlarda, şol sanda üstaşyr gatnawda ýolagçylary gatnatmak, ýükleri, goşlary, ýük goşlaryny hem-de ýüksüz ýük wagonlaryny daşamak şu Kanuna, Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň Tertipnamasyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.