Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 5939

I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 41-nji madda; 2020 ý., № 1, 11-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 21-nji madda) şu goşmaçalary girizmeli:

1) 5-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly bendi goşmaly:

«29) «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy — harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça deklarantlaryň, olaryň wekilleriniň we beýleki dahylly şahslaryň gümrük edaralary hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan beýleki ygtyýarly edaralary bilen özara hereketleri boýunça sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenen ulgamy.

Bu ulgam harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi babatda şu Kodeksde, Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmek maksady bilen, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň üsti bilen bir wagtyň özünde bir gezeklik resminamalaryň we (ýa-da) maglumatlaryň dolanyşygynyň elektron görnüşde amala aşyrylmak mümkinçiligini üpjün edýär.»;

2) 3594-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«3595-njy madda. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy

1. Harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça deklarantlar, olaryň wekilleri we beýleki dahylly şahslar gümrük edaralary hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan beýleki ygtyýarly edaralar bilen özara hereketlerini şu Kodekse laýyklykda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ulanmak arkaly amala aşyrýarlar.

2. Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň dolandyryjysy we saklaýjysy bolup durýar.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň talabalaýyk işlemegi üçin, gümrük edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk ulgamy harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýär we sazlaşdyrylan maglumat toplumyny ulanýar. Maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýän taraplar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bu ugurda degişli işleri guramaga borçludyrlar.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portaly arkaly berlen maglumatlaryň sazlaşdyrylmagy deklarantlaryň, olaryň wekilleriniň, beýleki dahylly şahslaryň şol bir maglumatlary harytlaryň we (ýa-da) ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly beýleki döwlet edaralaryna, kärhanalaryna we guramalaryna bir gezekden köp bermek zerurlygynyň öňüni almak maksady bilen amala aşyrylýar.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portaly arkaly berlen maglumatlaryň sazlaşdyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda we Bütindünýä gümrük guramasynyň maslahatlaryndan we maglumatlar binýadynda görkezilenlerden ugur alyp, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.