mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 784

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 3, 111-nji madda; 2018 ý., № 4, 94-nji madda; 2020 ý.,
№ 3, 42-nji madda):

4-nji we 5-nji maddalarda «2022-nji» diýen sany «2024-nji» diýen sana çalşyrmaly;

6-njy maddada «2023-2025-nji» diýen sanlary «2025-2027-nji» diýen sanlara çalşyrmaly;

7-nji maddanyň birinji tesiminde «2023-nji» diýen sany «2025-nji» diýen sana çalşyrmaly.

2. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 1, 34-nji madda, № 4, 147-nji madda; 2018 ý.,
№ 2, 43-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda) 68-nji maddasynyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hasaplaryna gelip gowşan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen möçberi Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyna geçirilip bilner.».

3. 2000-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 13-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 2, 51-nji madda; 2013 ý., № 4, 82-nji madda; 2015 ý., № 1, 31-nji madda; 2016 ý., № 1, 71-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2,
43-nji madda; 2019 ý., № 2, 35-nji madda; 2020 ý., № 1, 13-nji madda; 2021 ý., № 1, 16-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda):

1) 15-nji maddada:

birinji bölekde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölekde «eýesi» diýen sözi «saklaýjysy» diýen söze çalşyrmaly;

2) 17-nji maddada:

birinji bölekde:

üçünji tesimde «esaslandyryş resminamalary» diýen sözleri «kärhananyň Tertipnamasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«kärhananyň esaslandyryş şertnamasy (şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji böleginde sanalyp geçilenlerden başgalar);»;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«4. Kärhanany döwlet belligine almak üçin şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalardan başga goşmaça resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär.»;

3) 19-njy maddada «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi» we «amala aşyrýar» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary» we «amala aşyrýarlar» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 21-nji maddada:

birinji bölekde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine ýa-da onuň salgyt edaralaryna» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegiň ikinji tesiminde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň ministrligiň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti ýa-da onuň salgyt edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendi 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.