mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Asyrlardan asyrlara dowam edýän sungat

view-icon 3059
Asyrlardan asyrlara dowam edýän sungat

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen dutarçylaryň we bagşy-sazandalaryň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde geçirilen tapgyry türkmen milli sungatynyň baýramyna öwrüldi. Ol Daşoguz şäherindäki iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen kaşaň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Bäsleşige bagşy-sazandalaryň we dutarçylaryň hersinden onusy gatnaşyp, olar halk arasynda meşhur aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Aýratyn-da Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Urpekow «Şirin-şeker» türkmen halk sazyny, Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumageldiýew gadymy «Burnaşak» halk sazyny ýerine ýetirdiler. Bagşylaryň arasynda S. Türkmenbaşy etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Rahym Arazgeldiýew «Janeý-jan» halk aýdymyny we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby Täzegül Atajanowa «Teşnit» halk aýdymyny şirin labyzda aýdyp, diňleýjileriň göwnüni awladylar we ýeňiş gazandylar.

Öz döwründe milli ruhy we medeni gymmatlyklardyr ýörelgeleriň saklanyp galmagyna we wagyz edilmegine saldamly goşant goşan Magtymguly Garlyýew, Nazar baga, Öre Şyh, Akjagül Myradowa ýaly we beýleki halk arasynda meşhur dessançylaryň hem-de sazandalaryň ýoluny dowam edýän ýerli dutarçylardyr bagşy-sazandalaryň hünär ussatlygyna adalatly baha bermäge mümkinçilik berdi.

Bagşylaryň we dutarçy-sazandalaryň döredijiligi Daşoguz welaýatynda aýratyn meşhur aýdym-saz ugrudyr. Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde beýleki ugurlar bilen birlikde bagşyçylyk sungaty öwredilýär. Daşoguz şäherinde 1992-nji ýylyň dekabryndan bäri welaýatyň özboluşly bagşylar muzeýi hereket edýär. Aşyk Aýdyň piriň aramgähi ýerleşýän Ruhubelent etrabynda bolsa dutaryň hormatyna dikilen ýadygärlik bar. Şeýle hem Daşoguz welaýatynda dutar, gyjak we beýleki milli saz gurallaryny ýasamak senedi hem ösendir.