mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmen türgenleri V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

view-icon 2258

Türkmenistanyň topary Türkiýäniň Konýa şäheriniň 42 müň tomaşaça niýetlenen «Buýukşehir» munisipial stadionynda geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Edarasy Er-Riýadda (Saud Arabystany) ýerleşýän, ilaty 1,5 milliard adam töweregi bolan Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna agza ýurtlaryň 57-siniň türgenlerini birleşdirýän Yslam raýdaşlygy sport federasiýasynyň (ISSF) dört ýyldan bir gezek geçirilýän toplumlaýyn ýaryşdyr.

I Yslam raýdaşlygy oýunlary 2005-nji ýylda Saud Arabystanynda geçirildi, ikinjisi Eýranda 2009-njy ýylda geçirilmelidi, ýöne ol 2010-njy ýyla geçirildi. III Yslam raýdaşlygy oýunlary 2013-nji ýylda Indoneziýanyň Palembang şäherinde, dördünjisi – 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirildi.

Türkiýäniň gadymy şäheri bolan Konýada şu ýylky geçirilýän V Yslam raýdaşlygy oýunlary 2021-nji ýylda geçirilmelidi, emma pandemiýa zerarly bir ýyl soňa goýuldy.

Türkiýäniň baýdagy galdyrylandan soň meýletinleriň we V Yslam raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýan toparlaryň ýörişi başlandy.

Toparlar ýurt adynyň baş harpyna görä elipbiý tertibinde meýdança çykdylar.

Hatarynda 120 adam, şol sanda 80 türgen bolan Türkmenistanyň topary el çarpyşmalar bilen garşylandy. Açylyş dabarasynda ýurdumyzyň baýdagyny 2013-nji ýylda geçirilen III Yslam raýdaşlygy oýunlarynda 105 kg agramda agyr atletikada bürünç medal eýelän Hojamuhammet Toýçyýew göterdi.

ISSF-iň baýdagy galdyrlandan we türgenlerdir eminleriň kasamyndan soň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan V Yslam raýdaşlygy oýunlaryny açyk diýip ylgan etdi.

Oýunlaryň açylyş dabarasynda sportuň 24 görnüşi bilen tanyşdyryldy, olarda 56 ýurtdan 4 müňden gowrak türgen medallaryň 483 toplumy ugrunda bäsleşerler.

Türkmen türgenleri sportuň ýeňil atletika, ýaýdan ok atmak, 3х3 basketbol, dzýu-do, karate-do, agyr atletika, sport göreşi (grek-rim we erkin göreş) hem-de suwda ýüzmek görnüşlerinde çykyş ederler.

V Yslam raýdaşlygy oýunlary 18-nji awgusta çenli dowam eder.