Ï Limon kislotasy – sintezden alynýan önüm
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Limon kislotasy – sintezden alynýan önüm

view-icon 8312
Limon kislotasy – sintezden alynýan önüm

Türkmenisntanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýalar barlaghanasynyň alymlary mikroorganizmleriň fermentasiýasyna esaslanýan limon kislotasyny galyndysyz almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Ol köp babatda amatly we tygşytly önümçilik üçin örän möhüm biotehnologik usuldyr.

Kislota almak usuly daşky gurşawda giňden ýaýran, howada, suwda, toprakda ýaşaýan uşajyk kömelejiklerden — mikromisetalardan peýdalanmaga esaslanýar. Organiki maddalaryň köpüsi mikromisatalar arkaly fermentleşýär we limon kislotasyna öwrülimäge ukyplydyr, ýöne saharozadan ýa-da fruktozadan biosintezde has köp önüm alynýar. Barlaghana şertlerinde limon kislotasyny almak üçin aspergillus niger ştammlary ulanyldy, olaryň kömegi bilen fermentleşmegiň iki -- çuňňur we ýüzleý turşama usulyndan peýdalanyldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat kärhanalarynda galyndylary gaýtadan işlemek we galyndysyz önümçiligi ýola goýmak esasy meseleleriň biridir. Şu meseleleri çözmekde biotehnologiýa usullary aýratyn orun tutýar. Biotehnologiýa usuly bilen organiki kislotalary almak senagatyň degişli pudaklarynda şu meseläni üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Limon kislotasyny almagyň ekstraktiw, himiki we biotehnologik usullary bar. Limon kislotasyny almagyň ekstraksiýa usuly sitrus ösümlikleriň miwelerinden limon kislotasyny sorup almaga esaslanýar. Emma ekstraksion usulda az möçberde limon kislotasy alynýar, çig mal welin köp harçlanýar. Hatda himiki usulda limon kislotasynyň önümçiligi-de ykdysady taýdan peýdaly däl. Şu usulda limon kislotasynyň önümçiligi zäherli reagentler ulanylyp, köp tapgyrlaýyn tehnologiýa esasynda amala aşyrylýar. Tehnologiýalar merkeziniň alymlarynyň teklip edýän biotehnologiýalar arkaly peýdaly madda almak usulynda şu kemçilikler aradan aýrylýar.

Limon kislotasy – iň giňden ýaýran organiki önümdir. Senagatyň aglaba pudaklarynda ony köp möçberde ulanýarlar. Onuň tagamy ýumşak bolup, aşgazan-içege ýoluny beýleki kislotalardan az gyjyndyrýar. Şonuň üçinem dünýäde öndürilýän kislotalaryň aglaba bölegi azyk senagatynda, lukmançylykda we tehniki ugurlarda ulanylýar. Azyk senagatynda limon kislotasy alkogolly we alkogolsyz içgiler önümçiliginde, ösümlik ýaglary rafinirlenende kadalaşdyryjy hökmünde ulanylýar. Şeýle hem limon kislotasy azyk önümlerini turşamakdan goramakda konserwant hökmünde peýdalanylýar. Mundan başga-da, limon kislotasy dokma senagatynda tehniki maksatlar üçin, gyzgyn suw üpjünçiliginde bug gazanlaryň we ulgamlaryň demir galyndysyny aýyrmakda, köpük döremeginiň öňüni almakda ulanylýar.