2-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Döwlet Baştutanymyzyň 26-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde belleýşi ýaly, bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmegi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmekleri üçin ähli şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, ýeterlik mukdarda himiki serişdeler we suw bilen üpjün edilýär.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, oňat taýýarlanan topraga: “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler.
Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.
Edermen daýhanlar geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Miras”, “Berkarar”, “Garaşsyzlyk”, “Bitarap” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.
Şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” ýaly kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Oba hojalygyny depginli ösdürmek ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Oba hojalygyndaky özgertmeleriň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary hem-de saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde türkmen obasynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm” daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.
Şol maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletde hem-de ýokary hilli geçirmäge ýardam eder.
Şeýle-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň hem-de täze, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert maksatnamasyny taýýarladylar.