Mary welaýatynyň ekerançylary möhüm azyklyk ekin bolan gant şugundyryna ideg etmegi ýokary depginde dowam etdirýärler. Mary welaýatynda şu möwsümde gant şugundyry 14 müň 900 gektar ýerde ekildi.
– Tohumyň hiliniň ýokary bolmagy, ýerleriň göwnejaý taýýarlanmagy we ekişiň öz wagtynda geçirilmegi şu ýyl has gowy gögerişiň alynmagyna esas berdi- diýip, «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň oba hojalyk bölüminiň müdiri Güýç Hojadurdyýew gürrüň berýär. Kadaly ideg edilende şugundyr hasylynyň ýetişmegi üçin adatça 120-130 gün gerek. Ekinleriň häzirki ýagdaýy oktýabryň ahyrlarynda hasyl ýygymyna girişmäge mümkinçilik berer.
Köp ýyllaryň dowamynda şugundyr ýetişdirmegiň tejribesini kemsiz ele alan, şeýle-de bu ekiniň suwarymly ýerleri netijeli ulanmak, düşewüntliligini artdyrmak, melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatdaky bähbitlerine göz ýetiren ekerançylar hysyrdyly zähmetdigine garamazdan, bu aralyk ekini höwes bilen ekýärler we oňa yhlasly ideg edýärler. Häzirki güne çenli şugundyr ekilen meýdanlarda 2 gezek bejergi we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly geçirildi. Irki möhletlerde ekilen meýdanlarda hasyllylygyň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýän suwuk mineral dökün hem berilýär.
Şugundyrly meýdanyň iň uly bölegi, ýagny 5 müň gektary Garagum etrabyna degişli. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, hasylyň uly bölegine şu etrapdan garaşylýar. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä welaýatyň Murgap, Sakarçäge, Oguzhan etraplarynyň ekerançylarynyň netijeleri hem ýokary bolar.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça gant şugundyrynyň 224 müň tonna hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzir şugundyry işläp bejerýän, şeker we dürli gant önümlerini taýýarlaýan ýurdumyzda ýeke-täk kärhanadyr. Bu kärhananyň işgärleri ýerlerdäki hasyly kabul ediş nokatlary taýýarlamak, önümçilik desgalaryny we enjamlaryny bejermek, olary işjeň we ygtybarly ýagdaýa getirmek bilen bagly işleri amala aşyrdylar.