Ï Biologlar hapalanma garşy göreşýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Biologlar hapalanma garşy göreşýärler

view-icon 6957
Biologlar hapalanma garşy göreşýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynda uglewodorody täsirli ýok ediji mikroorganizmler toplumyny emele getirmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, ýerli mikroorganizmlerden uglewodorod-oksidleýji bakteriýalar bölünip çykýar, ýok ediji mikroorganizmleriň dürli uglewodorodlar babatyndaky täsirlilik häsiýetleri öwrenilýär.

Aslynda, ekologik ulgamlara zyýanly täsir derejesi taýdan nebit, nebit önümleri we düzüminde nebit bolan senagat galyndylary radioaktiw hapalanmadan soň ikinji orunda durýar.

Bir ýeri nebitden arassalamak meselesini çözmekde biologik serişdeler düýpli kömek edip biler. Mikrobiologik usullar tehniki usullaryň üstüni ýetirip bilýär, käbir ýagdaýlarda bolsa onuň ornuny tututp biljek zat ýokdur. Hapalaýjyny aňrybaş ulanyp bolýandygy, tebigy baýlyklary ulanmak arkaly bozulan ekoulgama düşýän antropogen ýüküň azalmagy zyýansyzlaşdyrmagyň biologik usullarynyň artykmaçlygydyr. Şonuň üçin biologik arassalama usullary, onuň ulanylyş döwri ýaz-tomus pasyllaryy bilen çäklenýän hem bolsa, ykdysady taýdan has bähbitlidir.

Uglewodorod hapalanmany işjeň ýoklaýjy mikroorganizmleri saýlamagyň, şeýle hem, düzümine probiotik önümiň düzüminde bolýan mikroorganizmler (mikroorganizmler, mikromisetler) girýän mikrobiologik dökünleri döretmek üçin möhüm şert – olaryň saklanmanyň bütin dowamynda ýaşaýşa ukyplylygyny ýitirmezligidir. Şunuň ýaly serişdeler mikromisetler we azotobakteriýalar esasynda döredilýär.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, fitopatogenlik – patogenler (ýokanç keseller) we daşky gurşaw faktorlary sebäpli döreýän ösümlik keselleri we mikroorganizmleriň matsirleme, ýagny ösümlik dokumalaryny bozmak ukybyny kesgitlemek boýunça barlaglar alnyp barylýar.

Barlaglaryň netijesi, Türkmenistanyň şertlerinde ösümlikleriň ösmegine itergi berip biljek mikroorganizmleriň ştamlary baradaky maglumatlar bolar. Teklip edilýän ştamlara esaslanyp, durnukly ekin önümçiliginiň netijeliligini üpjün edip biljek biologik serişdeler işlenip düzüler.

Bu serişdeler we olaryň ulanyş ulgamlary, ýurdumyzda suwarymly ýerleriň şorlaşmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ulanylyp bilner.