mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi

view-icon 2839
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ylmy taslamalaryň sergisi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň ylmy taslamalarynyň ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk sergisi geçdi.

Sergide institutyň ýaş mugallymlary we talyplary – Ýaş alymlar geňeşiniň (ÝAG) agzalarynyň döreden programma üpjünçiligi, elektronika, robot döretme tehnikasy pudagyna degişli taslamalaryň 20-ä golaýy görkezildi.

Olaryň arasynda türkmen smartfonyny işläp düzmek taslamasy-da bar. Bu taslamanyň ýolbaşçysy şu institutyň uçurymy, Awtomatlaşdyryş kafedrasynyň ýaş mugallymy we ÝAG-niň agzasy Şirmuhammet Wepaýewdir. Awtorlaryň aýtmagyna görä, smartfon döretmek ugrunda alnyp barylýan iş onuň amatly, ulanylyşynyň aňsat, iň ýaramly häsiýetli bolmagyna gönükdirilipdir we umuman alanyňda, bu maksada ýetilipdir. Döredijiler smartfonuň daşy üçin material saýlamaga-da köp üns beripdirler. Birnäçe synagdan soň, başga-da ençeme artykmaçlygy bolan çydamly we biologik taýdan bölünýän polilaktid ulanylypdyr.

Başga bir taslama bilen Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Daýanç Ýazlakow we Sapargeldi Rejepow çykyş etdiler. Olar guşçulyk pudagynyň işgärleri üçin innowasion çözgüt döredipdirler. Taslaýjylar önümçilik üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetiriji awtomatlaşdyrylan inkubatoryň taslamasyny teklip edýärler. Olary dolandyrmak we inkubatoryň işine gözegçilik etmek aňsat – planşetdäki ýörite goşmaça programmanyň kömegi bilen oňa zerur buýrugy iberäýmeli.

Ýaş alymlaryň, talyplar Jepbarguly Suhangulyýewiň (3-nji ýyl, Telekommunikasiýa fakulteti) we Suhrap Atanyýazowyň (4-nji ýyl, Aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakulteti) taslamasy bilim işini ýerine ýetirmek üçin döredilipdir. Şeýlelikde, kompýuteriň we onuň bölekleriniň gurluşyna düşünmek ýa-da, mysal üçin, gös-göni ÝAG-niň barlaghanasynda ylmy synag geçirmek isleýänlere wirtual hakykat äýnekleri kömek eder. Taslama wirtual hakykat (WH) tehnologiýasyny we 3D modellemek programmalaryny ulanmak bilen amala aşyrylypdyr.

ÝAG-niň agzalarynyň beýleki ylmy taslamalary-da serginiň myhmanlarynda içgin gyzyklanma döretdi. Olaryň arasynda elipbiý mugallymy robot, çagalar üçin klawiaturada hat ýazmagy öwredýän programma, köp iş bitirýän stolüsti termometr, welosiped sürýänler üçin «akylly» tizlik ölçeýji we birnäçe başga zatlar bar.

Sergi häzirki zaman tehnologiýalary arkaly dürli ugurlarda has amatly şertleri döretjek awtor taslamalarynyň köp maksada gönükdirilendigini görkezdi. «Akylly» taslamalar iş şertlerini gowulandyrmaga we aňsatlaşdyrmaga, durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge we wagt tygşytlamaga ukyplydyr. Kärhanalary we senagat önümçiliklerini awtomatlaşdyrjak köp sanly taslamalar bilen bir hatarda, ýaş alymlar häzirki zaman täze binalaryň ýaşaýjylarynyň rahatlygyny artdyrýan «akylly öý» ulgamlaryny işläp düzmäge-de işjeň gatnaşýarlar. Serginiň mazmunynda «akylly» rozetkalar, söndürijiler, temperatura we çyglylyk görkezijiler, şeýle hem «akylly öýler» üçin beýleki dolandyryş elementleri-de bar.

Baýramçylyk sergisi, garaşsyz Watanymyzyň öňe gitmegine we mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga çalyşýan ýaş alymlaryň ylmy üstünlikleriniň hem innowasiýalarynyň hakyky baýramyna öwrüldi. Ýaş nesliň zehinli wekilleriniň zähmetine, olary atalyk aladasy bilen gurşap alan we üstünlikli ösmekleri hem ylmy işlerini netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleri döredýän döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýär.