Ï Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýiniň sergi zalynda sergi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy

view-icon 5374
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
Hatyra güni mynasybetli sergi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş muzeýiniň sergi zalynda Hatyra gününe gabatlanyp, türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň we söweş meýdanynda wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy.

Serginiň açylyşynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary barada myhmanlara gürrüň berdiler, bu ýere gelenleriň aglaba bölegi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarydy.

Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn çuň many-mazmuna eýe edýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de oňa hormat goýýan jemgyýetde belent ruhubelentlik höküm sürýär, ol milletiň watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Türkmen nakgaşlarynyň sözde beýan edip bolmajak duýgylarynyň žiwopis işlerindäki beýany çykyş edenleriň gürrüňiniň üstüni ýetirdi.

Halkymyz ruhubelentlik hem-de özüniň belent ynsanlyk borçlaryna wepalylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri bilen ykbalyň agyr kynçylyklarynda ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başardy. Taryhyň agyr synaglaryndan geçen halkymyz mähriban şäherimiz Aşgabady täzeden dikeltdi hem-de ony dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwürdi.