Ï Ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň kluby açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň kluby açyldy

view-icon 6938
Ýurdumyzyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň kluby açyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň açylyşy boldy. Bu taslama Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň we Ýokary diplomatiýa mekdebiniň bilelikde gatnaşmagynda döredildi.

Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndaky «Parahatçylygyň dilleri» ÝUNESKO klubunyň agzalary gatnaşdylar.

Institutyň talyplarynyň, aspirantlarynyň, magistrantlarynyň, mugallymlarynyň ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» klubunyň işjeň agzalary bolup, ÝUNESKO-nyň ynsanperwer ýörelgelerini we ideallaryny, parahatçylyk hem-de adamlaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerini çuňňur öwrenjekdikleri we wagyz etjekdikleri bellenildi.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa duşuşyga gatnaşanlara ÝUNESKO-nyň tutuş dünýädäki klublarynyň wezipeleri, maksatlary we ähmiýeti barada gürrüň berdi. ÝUNESKO-nyň klublarynyň döredilmegi talyp ýaşlary we uly ýaşlylary, şeýle hem ÝUNESKO-nyň halkara hereketine gatnaşyjylary ylmy, taryhy, medeniýeti, bilimi ösdürmek ugurlarynda bilelikdäki işe birleşdirmäge gönükdirlendir. Medeniýetleriň gatnaşyklary, beýleki medeniýetlere sarpaly garaýyş, medeni, taryhy mirasy, daşky gurşawy goramak klublaryň esasy meseleleriniň hataryna girýär.

Institutyň jemgyýetçilik ylymlaryny öwreniş kafedrasynyň mugallymlary çärä gatnaşanlary ÝUNESKO-nyň «Parahatçylygyň medeniýeti» klubunyň geljekki işi we meýilnamalary, şeýle hem klubuň ýerleşýän ýeri bolan ýokary okuw mekdebiniň otagynyň enjamlaşdyrylyşy bilen jikme-jik tanyşdyrdylar. Geljekde ylym-bilim taslamalarayna gatnaşmak, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, medeni merkezleri bilen ÝUNESKO-nyň Klublar Assosiaýasynyň hyzmatdaşlygy göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ýokary diplomatiýa mekdebinde açylan ÝUNESKO-nyň «Dünýä medeniýeti» klubunyň ýurdumyzda ikinji klubdygyny bellemek gerek. Türkmenistanda onuň birinjisi – şu ýylyň iýulynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda «Parahatçylygyň dilleri» ady bilen açylypdy. ÝUNESKO-nyň klublarynyň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary barada bilimlerini döredijilik we gözleg işini hemmetaraplaýyn kemala getirmek hem-de ösdürmek jahetinden uly ähmiýeti bolar.