Ï DÖM boýunça Halkara olimpiadasynda türkmen talyplary mümkin bolan 3 ýeňişden 2-sini gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

DÖM boýunça Halkara olimpiadasynda türkmen talyplary mümkin bolan 3 ýeňişden 2-sini gazandylar

view-icon 4823
DÖM boýunça Halkara olimpiadasynda türkmen talyplary mümkin bolan 3 ýeňişden 2-sini gazandylar

Türkmenistanly talyplar her ýyl geçirilýän Durnukly ösüşiň maksatlary (DÖM) Halkara talyplar olimpiadasynda mümkin bolan 3 ýeňişden 2-sini gazandylar.

Olimpiadanyň sebit (jemleýji) tapgyrynyň netijesi boýunça Ýaran Hudaýberdiýew (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) we Serdar Rahymow (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty) ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Olimpiada üç ugur:

-suw serişdelerini we landşafty integrirlenip dolandyrmak (DÖM 6);

-klimatyň üýtgemegi we arassa energiýa (DÖM 7 we 13);

-senagatlaşdyrmak, innowasiýalar, infrastruktura we şäherleriň we ilatly ýerleriň durnuklylygy (DÖM 9 we 11) boýunça geçirildi.

Olimpiadanyň şertleri boýunça oňa gatnaşýanlar üç ugurdan biriniň temasyndan taýýar eko-telekeçilik taslamasyny bäsleşige hödürlemelidiler. Emin agzalary olimpaidanyň düzgünlerine görä, her ugurdan bir ýeňijini kesgitledi. S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby Ýaran Hudaýberdiýew birinji ugurdan «Suwy gaýtdan ulanmagyň peýdasy» temadan çykyş edip, ýeňiş gazandy. Ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň talyby Serdar Rahymow 2-nji ugurdan «Eko-gaplar önümçiligi we olary ýerlşdirmek» temasyny teklip etdi. Owganystanly talyp olimpiadanyň üçünji ýeňijisi boldy.

Taslamalaryň ýeňijileri 2023-nji ýylyň ýanwarynda Tailandyň paýtagty Bangkokda geçiriljek Halkara telekeçilik-forumyna hödürlenerler.

Durnukly ösüş maksatlary boýunça Halkara talyplar olimpiadasyny gazagystan-german uniwersiteti (DKU) Ählumumy suw hyzmatdaşlygy, Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentligi, şeýle hem Central Asia Youth for Water (CAY4W) (Gazagystan, Almaty ş.) bilen bilelikde gurady.

Halkara gözden geçirilişe Türkmenistanyň, Gyrgyzystandyň, Özbegistandyň, Täjigistanyň we Owganystanyň ýokary okuw mekdeplerinden ýarym müňe golaý talyp gatnaşdy. Onlaýn görnüşde rus we iňlis dillerinde geçirilen olimpada iki – milli hem-de sebit tapgyrlarynda geçirildi.

Geçen ýylyň iýunynda geçirilen milli tapgyrda emin agzalary oňa gatnaşanlaryň DÖM babatda bilimlerine baha berdi. Şol tapgyrda ýokary baha alan talyplar eko-telekeçilik taslamasyny düzmäge we soňra onuň garalamasyny eminler toparyna hödürlemäge tabşyryk aldylar.

Olar ikinji tapgyrda taýýar eko-telekeçilik taslamalary bilen tanyşdyrdylar, ol türkmen talyplaryna ýeňiş getirdi. Ýeňijilerimiziň aýtmagyna görä, olimpidada şowly çykyş etmeginde, köp babatda, ylmy ýolbaşçylarynyň hyzmaty uludyr, olar talyplary taýýarlamakda köp işler etdiler, olary goldadylar, talyplara kömek, maslahat berdiler. S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyplarynyň bassyr üç ýyl bäri «Suw serişdelerini we landşafty integrirlenip dolandyrmak» ugurdan öňdeligi eýeleýändiklerini bellemek gerek.

BMG-niň DÖM-ni durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde köpugurly işler alnyp barylýar, hilli we netijeli işler geçirilýär. DÖM boýunça dürli bäsleşikleriň geçirilmegi bäsleşiklere gatnaşýanlary olara ýetmekde çalt ösmäge, bu ugurda çäreleri ýerlikli gowulandyrmaga we olaryň guramaçylaryna öz ösüşiniň anyk hem-de açyk subutnamasyny görkezmäge höweslendirýär.