Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagynda «Goşmaça we üznüksiz bilim»okuw merkezi öz işine başlady.
Bu merkez mugallymçylyk, sanly ykdysadyýet, daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy, tebigy we takyk ugurlary boýunça ýörite maksatnama esasynda okuwlary guraýar. «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezinde mugallymçylyk işi we pedagogik tehnologiýa hünär taýýarlygy boýunça okuwlar 18 hepde, sanly ykdysadyýet hünär taýýarlygy boýunça okuwlar 2 aý dowam edýär.
Synaglardan kanagatlanarly baha bilen geçmegi başaran diňleýjilere okuwlary üstünlikli tamamlandygy barada diplom gowşurylýar. Fizika, matematika, himiýa we biologiýa ugurlary boýunça taýýarlyk okuwlary jemi 4 tapgyrdan we her tapgyryň möhleti 8 hepdeden ybarat bolup, okuwlaryň dowamynda dersleriň orta mekdebiň meýilnamasyna laýyklykda ähli bölümleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär.
Bulardan başga-da, okuw merkezinde biologiýa, himiýa, fizika, we matematika ugurlary boýunça tizleşdirilen 2 aýlyk gysga möhletleýin okuwlar hem guralýar.
«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, daşary ýurt dillerini kämil öwretmek üçin bu uniwersitetde iňlis, ýapon dilleri boýunça diňleýjilere erkin ýazmagy, terjime etmegi, şeýle-de erkin gürlemegi öwredýärler.
«Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezinde okatmagyň innowasion usullary (okuwlaryň oýunlar görnüşinde gurnalmagy, döredijilikli pikirlenmegi ösdürmäge gönükdirilmegi) halkara derejelerdäki bäsleşikleriň ýeňijisi bolan tejribeli mugallymlar tarapyndan alnyp barylýar.