Ï Talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar

view-icon 4628
Talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alynýar

14-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän olimpiada gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy.

Tutuşlygyna alanyňda, bu ýokary okuw mekdebinde geçiriljek olimpiadada talyplar alty ders boýunça bäsleşerler. Olar : ykdysadyýet, filosofiýa, häzirki zaman türkmen jemgyýeti, iňlis, hytaý we italýan dilleri ugurlarydyr. Bu olimpiada gatnaşmaga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

Olimpiadalara gatnaşmaga dalaşgärleri hasaba almak guramaçy-uniwersitetiň iuhd.edu.tm resmi saýtynyň akademiýa/bäsleşik bölüminde açyldy. Talapnamalar 10-njy noýabra çenli kabul edilýär.

Höwesekler diňe bir ugurda däl-de, eýsem birnäçe ugurda hem isleglerine görä güýjüni synap bilerler. Her ýokary okuw mekdepden bäsleşige gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.

Olimpiada 14-nji noýabrdan 19-njy noýabr aralygynda onlaýn görnüşde türkmen we iňlis dillerinde geçiriler. Talyplar üçin meseleler olaryň okaýan ýokary okuw mekdebiniň hünär ugry göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Şundan ugur alnyp, ýaryşa gatnaşýanlar iki topara – hünäri ýörite öwrenýänlere we bu ders esasy ugry bolmadyklara bölündi.

Iňlis dili ugrundan olimpiada gatnaşýanlar üç topara bölünýärler. Birinji topara ýokary okuw mekdepleriniň tehniki ugurly talyplary, ikinjide – ynsanperwer ugurly, üçünjide ykdysadyýeti we dolandyryşy öwrenýän talyplary gatnaşar.

Hytaý we italýan dilleri dersinden geçirilýän olimpiada hem iki topara – hünäri ýörite öwrenýänlere we bu ders esasy ugry bolmadyklara bölündi.

Olimpiada barada iuhdolympiads@gmail.com elektron poçtasy arkaly HYYweÖU-nyň wekillerinden goşmaça maglumatlar alsa bolar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda eýýäm bassyr üç ýyl bäri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin ders olimpiadalarynyň güýzki tapgyryny guraýar.

Şu ýylyň özünde ýokarda görkezilen dersler boýunça bäş gezek akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Bu güýzde bolsa öňki dersleriň üstüne italýan dili dersi hem goşuldy. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige aýratyn üns berilýär we bu ugur milli bilim ulgamynda aýratyn orun eýeleýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen italýan dilini öwretmek giň gerime eýe bolup, bäş welaýatda hem bar bolan ýöriteleşdirilen mekdepleriň meýilnamalaryna goşuldy.

Olimpiadalaryň geçirilmegi talyplaryň bilim derejesine baha bermäge, olardan has zehinlilerini we ukyplylaryny ýüze çykarmaga, ýaşlaryň ylmy we döredijilik işjeňligini ösdürmäge hem-de daşary ýurt dillerini öwrenmeklige höweslerini artdyrmaga, şeýle hem sanly maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.