Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi Times Higher Education görkezijisiniň sanawyna goşuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi Times Higher Education görkezijisiniň sanawyna goşuldy

view-icon 5039
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi Times Higher Education görkezijisiniň  sanawyna goşuldy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden Times Higher Education (THE) britan guramasynyň tutuş dünýäde abraýly we  meşhur görkezijisinde orun eýeleýänleri barha köpelýär.

Bu gezek Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsi THE World University Rankings-2023-niň ýakynda çap edilen görkezijisine girdi. Oňa Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «habarçy» derejesi bilen girdiler.

Uniwersitetleriň THE World University Rankings ýyllyk dünýä görkezijisi – bu ýokary okuw mekdepleriniň  esasy iş ugurlarynyň ählisi boýunça baha berilýän ýeke-täk ählumumy netijelilik sanaw tertibidir.  Ýokary okuw mekdebiniň: okadylyşy, ylmy işi we onuň täsiri, bilimleriň berlişi we halkara derejede geljegi ýaly esasy bäş ugruň esasyny düzýän netijeliliginiň 13 ölçegi ulanylyp netije çykarylýar.

Bu görkeziji dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň işiniň üstünliginiň has abraýly derejeleriniň hataryna girýär. Ilkinji gezek ol 2004-nji ýylda işläp başlady, şol döwür oňa gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň bary-ýogy 200-si bardy. Ýokary bilimiň ählumumy çalt özgerýän şertlerinde görkezijä gatnaşýanlaryň sany-da ýylsaýyn artýar. Ol häzirki wagta çenli uniwersitetleriň iň iri we dürli görnüşli görkezijisidir. THE World University Rankings-2023-de dünýä ýurtlarynyň 104-sinden ýokary okuw mekdepleriň 1799-sy bar.

THE görekezijisine gatnaşýanlaryň hataryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri-de işjeň goşulýarlar.  Bu olaryň abraýyny artdyrýar, has işjeň ösýändigini we  işde ýene-de ýokary netijeler gazanmaga bolan islegini görkezýär, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň esasy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girizmek boýunça milli bilimiň esasy meseleleriniň birini çözmäge ýardam edýär.