2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 24-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Diller kafedrasynyň gurnamagynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, talyp ýaşlaryň arasynda «Daşary ýurt dilleri – ylym-bilimiň ösüş çeşmesi» atly daşary ýurt dillerinde zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň ahyrynda institutyň zehinli talyplary türkmen, rus, iňlis, hytaý we pars dillerinde şöhratly Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Zehin bäsleşigi geçirildi
9745