Ï Žurnalistler üçin ýörite sapak guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Žurnalistler üçin ýörite sapak guraldy

view-icon 3260
Žurnalistler üçin ýörite sapak guraldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary Ylmy-usulyýet merkezinde paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary üçin çeper ýazuw usullary boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.

Çäräni Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda 24-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda başlanan Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň «Köpdürlülikde bütewilik» maksatnamasynyň çäklerinde gurady.

Talyplar bilen duşuşygy latwiýaly hünärmen, sungaty öwreniji, publisist, Latwiýanyň Medeni mirasy dolandyrmak barada milli müdirliginiň bilermeni Elwita Ruka geçirdi. Mazmunly sapagyň barşynda döredijilik publisistikasy barada gürrüň edildi, bilermen talyplara ýazyjylyk döredijilik sungaty we žurnalistikanyň aýratynlygy barada gyzykly we jikme-jik gürrüň berdi. Latwiýaly bilermeniň ussatlyk sapagyna aýratyn üns berip, sapaga içgin gyzyklanan talyplar oňa işjeň gatnaşdylar.

ÝB-niň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türkmen KHBS-niň wekilleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary üçin Elwita Ruka çeper ýazuw usullary boýunça ussatlyk sapaklarynyň dördüsini berer. Hususan-da, temalaýyn duşuşyklar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bilen geçiriler.

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Aşgabatda 31-nji oktýabra çenli dowam etjek döredijilik çäresiniň beýlekilerine-de çekiler. ÝB-niň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde italýan diliniň günleri geçirilýär, oňa ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary gatnaşýarlar.

Ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi Türkmenistan bilen ÝB-niň netijeli hyzmatdaşlygynyň pugtalanýandygyny we ösýändigini görkezýär, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar onuň wajyp ugrudyr.