Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada geçirer. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak üçin ýaryşyň guramaçysynyň www.tdu.edu.tm resmi saýtynyň olimp.tdu.edu.tm sahypasynyň Olimpiada-2022 bölümi açykdyr. Olimpiada gatnaşmaga haýyşnamalar şu ýylyň 11-nji noýabryna çenli kabul edilýär.
Olimpiada 14-nji noýabrdan 17-nji noýabr aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler. Himiýa ökdeler üçin şahsy we toparlaýyn bäsleşikler geçiriler. Talyplar üçin meseleler talyplaryň ýokary okuw mekdebindäki hünär ugry göz öňünde tutulyp düzüldi, şondan ugur almak bilen hem iki topara bölündi. Birinji topara himiýa ugrundan ýöriteleşen, ikinji topara –beýleki ugurlardan okaýan talyplar gatnaşarlar. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň habar bermegine görä, oňa gatnaşýanlara test görnüşinde himiýanyň dürli ugurlaryndan meseleler we olary çözmäge 180 minut wagt berler. Meseleler çözülende talyplara diňe ýazuw esbaplaryndan we kalkulýatordan peýdalanmaga rugsat berilýär.
Şahsy we toparlaýyn tapgyrlaryň jemi boýunça ýeňijilerdir baýrakly orunlary eýelänler degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanylar. Bäsleşikde tapawutlananlara höweslendiriji hormat hatlary gowşurylar.
+993-12-398601, +993-64-050124, +993-61-116326 telefonlardan, şeýle hem olimptsu@gmail.com elektron poçtadan goşmaça maglumatlar alyp bolar.
Olimpiada halkara derejesinde ylmy tejribeleri we bilimleri netijeli alyşmak, olary geljekde öwrenmek, ýaşlaryň arasynda himiýa ylmyna höwesi ýokarlandyrmak we höweslendirmek, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda, şol sanda sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de giňeltmek maksady bilen geçirilýär.
Akyl-paýhas bäsleşigi şeýle hem Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmek Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralýar.