Ï Welaýatlarda ylmy-usulyýet maslahatlary geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welaýatlarda ylmy-usulyýet maslahatlary geçirildi

view-icon 3788
Welaýatlarda ylmy-usulyýet maslahatlary geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Lebap we Mary welaýatlarynyň Baş bilim müdirlikleri bilen bilelikde mugallymlaryň iňlis we rus dillerini hem-de matematikany okatmaga häzirkizaman usulyýetlerini ornaşdyrmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça wezipelerine bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahatlary geçirdi.

Çäre Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Maslahatlar 25-nji oktýabrda Türkmenabatda we 27-nji oktýabrda Maryda geçirildi.

Çärä gatnaşanlar üçin şu temadan kitap sergileri guraldy. Maslahatlarda esasy we üç bölümden mejlisler geçirilip, olarda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň esasy işgärleri we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýolbaşçylary, sebitleriň ikisinden hem dürli şäherleriň hem-de etraplaryň mekdep mugallymlary çykyş etdiler.

Birinji bölümiň işinde okuwçylara iňlis dilini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň usulyýetlerine hem-de ýollaryna üns berildi. Ikinji bölümdäki çykyşlar rus dilini okatmagy kämilleşdirmäge bagyşlandy. Üçünji bölüme gatnaşanlar orta mekdeplerde matematikany okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda mugallymlaryň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenabatdaky maslahatynda Türkmenabat şäheriniň we welaýatyň etraplarynyň mugallymlary öz iş tejribeleri hem-de mekdepde okuwçylara berilýän bilimiň möhüm wezipeleri barada gürrüň berdiler.

Maryda geçirilen ylmy-usulyýet maslahatynyň işine Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň tebigy we takyk ylymlar bölüminiň müdiri, Mary şäheriniň we welaýatyň etraplarynyň ýöriteleşdirilen hem-de umumy bilim berýän mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.