Ï Türkmen alabaýyna bagyşlanan kitap sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen alabaýyna bagyşlanan kitap sergisi

view-icon 6391
Türkmen alabaýyna bagyşlanan kitap sergisi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda türkmen alabaýyna bagyşlanyp, çap edilen neşirleriň tematik sergisi açyldy. Onda esasy orny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly eseri eýeleýär. Kitapda bu gadymy it tohumy barada taryhy we arheologik materiallar, gyzykly faktlar we rowaýatlar jemlenipdir.

Ylmy işgärleriň we kitaphana gelýän myhmanlaryň ünsüni professor Öwez Gündogdyýewiň türkmeniň wepaly kömekçisi bolup hyzmat eden iki täsin it tohumy hakdaky «Tazy we alabaý» atly kitaby-da özüne çekdi. Türkmenleriň tohumçylyk sungatynyň ýene bir ajaýyp mysaly «Türkmenistan» halkara žurnalynda çap edilen «Ahalteke aty we alabaý» makalasynda gürrüňi edilýän bedewdir.

Sergide dürli ýyllarda «Medeniýet», «Miras», «Diýar», «Garagum», «Türkmen sporty» we beýleki žurnallarda türkmen hem rus dillerinde neşir edilen başga-da köp gyzykly maglumatlar görkezildi. Alabaýyň gadymy gelip çykyşyna, edermen häsiýetine we özüni alyp barşyna bagyşlanýan bu maglumatlar onuň maşgala wepalylygy, adamlara, esasanam, çagalara bolan söýgüsi, şeýle hem mukaddes Watan serhetlerini goramakda serhetçilere edýän kömegi barada gürrüň berilýär.