Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň birinji oýnunyň geçiriljek senesi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň birinji oýnunyň geçiriljek senesi yglan edildi

view-icon 8034
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşiginiň birinji oýnunyň geçiriljek senesi yglan edildi

Şu ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky ikinji möwsüminiň birinji oýny geçiriler. Bu barada bäsleşigiň guramaçysy ̶ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi habar berdiler.

Taslamanyň täze möwsümi «Dialog ̶ parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» umumy şygar bilen geçiriler. «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri» ýaş zehinleriň birinji oýnunyň temasy bolar.

Geljekki oýnuň temasyna laýyklykda bäsleşigiň guramaçylary zerur edebiýatlaryň sanawyny düzdüler we oňa gatnaşjaklara olar bilen tanyşmagy maslahat berýärler. Bu sanaw DIM-niň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynyň Bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir.

24-nji oktýabrda taslamanyň ikinji möwsümine gatnaşmak isleýänler üçin onlaýn-test görnüşinde deslapky saýlama synaglary geçirildi. Oňa tutuş ýurdumyzdan geljekde diplomat bolmagy arzuw edýän ýokary synp okuwçylarynyň 300-den gowragy gatnaşdy. Olardan test synaglarynyň netijesi boýunça has gowy netije görkezenleriniň 64-si aň-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Taslamanyň birinji möwsüminiň ýeňijileri şu okuw ýylynda ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň talyby boldular. Olar bäsleşikde gowy çykyş etdiler we instituta giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrdylar, dürli ugurlardan çuňňur bilimlerini, diplomata mahsus häsiýetlerini we başarnygyny görkezdiler.