Ï Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň saglyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň saglyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy

view-icon 5177
Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň saglyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň goldawy bilen COVID-19 üçin 250 müň sany ekspres-testleri (çalt barlag enjamlary) aldy.

SARS-CoV-2 wirusynyň antigenini hil taýdan kesgitlemäge niýetlenen ekspres-testler (çalt barlag enjamlary) deslapky anyklaýyş işini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Olar keseliň irki döwründe, ýagny biomaterialda wirusyň möçberi iň ýokary derejede bolanda, anyk maglumat berýärler.

Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň ýakynda Germaniýadan Türkmenistana adaty çaga sanjymlarynyň şu ýyl üçin soňky tapgyryny getirendigini-de bellemelidiris. Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde çagalar üçin örän wajyp sanjymlaryň satyn alynmagy Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirildi.