Ï Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisi açyldy

view-icon 4432
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisi açyldy
camera-icon
Hasan Magadow

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademiýanyň bezeg we amaly sungat bölüminiň müdiri Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisiniň açyldy.

Solmazyň ady türkmeniň häzirki zaman çeperçilik sungatynda küýze onümleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol toýnuň ýumşak häsiýetini ilkinji gezek Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde duýupdy. Ol okuwyny Türkmen döwlet çeperçilik mekdebinde, soňra bolsa, Moskwanyň ýokary çeperçilik-senagat mekdebinde (öňki «Stroganow» mekdebinde) dowam etdirdi.

Solmazyň bu hünärden başarnygy, onuň Moskwada iň ýokary baha alan «Gurban baýramy» atly farfor çaý toplumy bolan diplom işinden başlap, ýüze çykdy. «Gurban baýramy» çaý toplumy häzirki wagtda gymmatbahaly eksponat hökmünde çeperçilik akademiýasynyň muzeýinde saklanýar. Solmaz Muhammedowanyň şahsy sergisinde köpçülige görkezmek üçin goýlan bu toplum gelýänleriň hiç birini biperwaý galdyrmaýan bolsa gerek.

Çaý toplumynyň ýanynda has ýokary baha mynasyp bolan iki sany bezeg sütüni bar – 1983-nji ýylda Italiýada geçirilen köwereçiler bäsleşiginde olara birinji ýer berlipdi.

Sergide ownuk heýkeller – buýsançly syraty bilen özüne çekýän keramiki bedewleriň, joralaryň heýkeljikleri, türkmen gözelleriniň ajaýyp şekilleri we beýleki ajaýyp işler ýerleşdirilen.