Ï Türkmen taýboks ussatlary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda bäş medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen taýboks ussatlary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda bäş medal gazandylar

view-icon 4772
Türkmen taýboks ussatlary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşda bäş medal gazandylar

Türkmen türgenleri şu gün Antaliýada (Türkiýe) tamamlanan taýboks boýunça halkara ýaryşynda bäş – 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetinde habar bermegine görä, Türkiýede geçen ýaryşa 32 döwletden 756-dan gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistandan wekilçilik eden 9 türgeniň bäşisi baýrkalara mynasyp boldular.

Toparymyzdan altyn medaly 86 kg çenli agramda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebinde taýboks boýunça tälimçi mugallymy Mustafa Saparmyradow gazandy.

Kümüş baýragy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Bäşim Bäşimow (60 kg çenli) we şu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Muhammet Jumamyradow (81 kg çenli) we Döwletmyrat Güýjow (91 kilogramdan agyr) agramlarda eýelediler. Muhammet 5-nji ýyl, Döwletmyrat – 4-nji ýyl talyplarydyr.

Bürünç medala Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 4-nji sport mekdebinde kikboks boýunça tälimçi mugallymy Muhammetberdi Röwşenow (91 kg çenli agramda) mynasyp boldy.