2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 2-nji oýny geçiriler.
«Gadymy Hytaý siwilizasiýalary: köpdürli medeniýetiň birleşdirji kuwwaty» ikinji oýnuň temasy bolar. Intellektual bäsleşige gatnaşýanlara bu ugurdan degişli edebiýatlary okamak teklip edildi. Gatnaşjak okuwçylara degişli edebiýatlary institutyň resmi saýtynda görkezildi.
22-nji noýabrda 2022-2023-nji okuw ýylynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň ilkinji oýny boldy. Bu oýnuň temasy «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri» diýlip atlandyryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» bäsleşigini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi guradylar. Bäsleşik ýokary synp okuwçyalrynyň arasynda geçirilýär.