mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 4068

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji we 179-njy maddalar; 2018 ý., № 4, 111-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda; 2020 ý., № 4, 86-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 142-nji madda; 2022 ý., № 2, 25-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

11-nji maddanyň birinji böleginiň on altynjy tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

«-daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin kärendesine bermegiň Tertibini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;»;

46-njy maddada:

birinji bölegiň bäşinji tesimini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

dördünji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerleri döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin kärendesine 10 gektardan az bolmadyk möçberde berilýär.»;

65-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Uzak möhletli kärendä berilýän oba hojalyk maksatly ýerleriň möçberleri, ekin meýdanlarynyň bitewüligini saklamagy, şeýle hem kärendeçileriň ýerlerden bilelikde netijeli peýdalanmaklaryny hasaba almak bilen kesgitlenilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabry.