mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Kanuny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda

view-icon 3584

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý.,
№ 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý., № 2, 22-nji madda, № 3, 78-nji madda, №4, 115-nji madda) 172-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji we üçünji tesimlerini şu görnüşde beýan etmeli:

«8 göterim — edara görnüşli taraplar-Türkmenistanyň dahyllylary (olaryň esaslandyryş maýasyndaky 50 göterimden geçýän paýy döwlete degişli bolan edara görnüşli taraplardan, karz edaralaryndan we döwlet eýeçiligindäki ätiýaçlandyryş guramalaryndan başga, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary hem-de işini «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan taraplardan başga — bu işden alynýan peýda we oňa degişli ýerlemekden daşarky amallar böleginde) üçin;

50 göterim — karz edaralary (döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk karz edaralary muňa degişli däldir) we döwlet eýeçiligindäki ätiýaçlandyryş guramalary üçin, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary amala aşyrýan taraplar üçin — bu işden alynýan peýda we oňa degişli ýerlemekden daşarky amallar böleginde;».

II. Şu Kanun 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabry.