Ï Ekologiýa boýunça birinji açyk Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ekologiýa boýunça birinji açyk Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri belli boldy

view-icon 3751
Ekologiýa boýunça birinji açyk Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri belli boldy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa boýunça I açyk Halkara internet olimpiadasynyň netijeleri jemlendi.

Uly bilim bäsleşigi ýurdumyzyň 24 ýokary okuw mekdebiniň talyplaryny, şeýle hem olaryň russiýaly, hytaýly, awstriýaly, fransiýaly, germaniýaly, wengriýaly, indoneziýaly, malaýziýaly, rumyniýaly, belarusly, türkiýeli, ABŞ-ly, gyrgyzystanly, özbegistanly we ukrainaly deň-duşlaryny bir ýere jemledi.

Bäsdeşleriň bilimine daşky gurşawa beletligi babatynda ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänleri kesgitlän halkara emin topary tarapyndan baha berildi.

Ýeňijileriň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby A.Gutyýew we N.Guwanjow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby A.Şamyradow dagylar bar.

Şeýle hem ekologiýa boýunça olimpiadada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary L.Jangulyýewa we S.Serdarow dagylar gowy çykyş etdiler. Öňdäki orunlaryň birini Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby R. Orazgeldiýew eýeledi.

Russiýanyň iki uniwersitetiniň: Permiň milli derňew politehniki uniwersitetiniň we W.N.Tatişewiň adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň bäş talyby birinji orny eýelediler.

Mundan başga-da, ekologiýa pudagyndaky bilimleri bilen Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň, Tenaganyň (Malaýziýa) milli uniwersitetiniň, Wengriýanyň iki döwlet uniwersitetiniň – Debresen we Peç uniwersitetiniň talyplary tapawutlandylar. Türkiýäniň Uşak döwlet uniwersitetiniň talyplary-da öňdäki orunlary eýelänleriň sanynyň üstüni ýetirdiler.

Ýeňijileriň hemmesine tapawutlanandyklary üçin üç derejeli ýörite diplomlar gowşuryldy.