Ï Türkmen talyplary COVID-19 ugry boýunça bilimlerini görkezdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary COVID-19 ugry boýunça bilimlerini görkezdiler

view-icon 4773
Türkmen talyplary COVID-19 ugry boýunça bilimlerini  görkezdiler

"Türkmenistanda COVID-19-yň öz wagtynda ýüze çykarmak" taslamasynyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň guramagynda Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda we Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyplaryň arasynda COVID-19-yň öňüni almak, pandemiýa garşy täsir etmek çäreleri babatdaky bilimlerini barlamak maksady bilen geçirildi.

BMG-niň wekilleri bäsleşige gatnaşyjylary Türkmenistanda COVID-19-yň daşky gurşawy we durmuşy goramak boýunça çarçuwasyna degişli (RDUSS) we gyzyklanan taraplar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalary (PWZS) bilen tanyşdyrdlayr. Bäsleşigiň ýeňijileri diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.