Ï Biotehnologiýalar topragy şordan gorar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Biotehnologiýalar topragy şordan gorar

view-icon 4280
Biotehnologiýalar topragy şordan gorar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň işgärleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa bölüminiň hünärmenleri bilen bilelikde ylmy derňew geçirip, topragyň şoruny azaltmagyň biologik usullaryny işläp düzdüler.

Hususan-da, alymlar şor toprakly ýerlere ösümlik galyndylaryny ýaýratmaklygy teklip etdiler, bu bolsa, öz gezeginde, şondan soňky şorlamagyň öňüni alar.

– Bu galyndylar sorbent bolup bilerler. Sorbentler daşky gurşawdan belli-belli maddalary saýlap, özüne siňdirip bilýän maddalardyr. Topragyň organiki bölegi darganda we emele gelende, duzlar çüýreýär – diýip, barlaghananyň müdiri Bezirgen Hallyýew düşündirýär.

Bu meselä üns berilmegi düşnükli – topragyň şorlamagy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyna ýaramaz täsir edýän sebäp hökmünde barha köp ykrar edilýär. Şorlamaga nuklein kislotalarynyň işjeňligi peselýär, azot çalşygy bozulýar, bu bolsa beloklaryň bölünmegine sebäp bolýar, sintetik prosesleriň, şeýle hem kökleriň gormonal deňagramlylygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly sintezi basylyp ýatyrylýar.

Tutuş Merkezi Aziýa üçin oba hojalygyna ýaramly däl şor topragyň artmagy diýseň derwaýys meseledir. Oba hojalygynda şorlamaga garşy göreş hökmünde topragy ýuwmak usuly öňden bäri bar. Bu oba agrotehniki usul howa şertlerine baglylykda, gyş-ýaz möwsüminde amala aşyrylýar we esli maýa goýumyny, şeýle hem suw goruny talap edýär. Bularyň bary diňe bir önümçiligi, aýdaly çig pagtany öndürmegiň bahasyny ýokarlandyrman, eýsem Merkezi Aziýa sebitlerinde suw ýetmezçiligine hem sebäp bolýar. Mundan başga-da, ýuwuş suwlary zeýkeş ulgamlary arkaly suw howdanlaryna we derýalara girýär, olary hapalaýar. Köplenç zeýkeş ulgamlary dykylýar we gowy işlemeýär, käbir şor topraklarda bolsa oba hojalyk ösümliklerini ýuwmak we suwarmak minerallaşdyrylan suw bilen amala aşyrylýar. Mundan başga-da, topragyň her ýyl ýuwulmagy we suwarymly ekerançylyk ýerasty suwlaryň ýokary galmagyna sebäp bolýar, olar bolsa hasylly ekerançylyk meýdanlaryna ýene-de duz getirýärler. Alymlaryň pikiriçe, bu ýagdaýdan çykmagyň iň gowy usuly topragyň şoruny azaltmak üçin, biologik usullary işläp düzmekdir.

Barlaghananyň hünärmenleri bu ugurdaky işlerini Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen bilelikde dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Birleşen tagallalar bilen topragyň şoruny azaltmak usuly işlenip düzüler.