Ï Täze ýygyndy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýygyndy neşir edildi

view-icon 4639
Täze ýygyndy neşir edildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty ylmy makalalaryň nobatdaky – 10-njy ýygyndysyny çapa taýýarlap, neşir etdi. Ýygyndyda alymlaryň bu ulgamda düýpli özgerişlikleri amala aşyrmaga we ylym bilen önümçiligi sazlaşdyrmaga, ýurdumyzyň tehniki we ykdysady mümkinçiligini, şeýle hem halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça derwaýys meseleleri durmuşa geçirmäge we öňe sürmäge gönükdirilen işleri bar.

Ýygyndy soňky ýyllarda institutyň alymlary, hünärmenleri we aspirantlary tarapyndan geçirilen gözlegleriň we seljermeleriň esasynda alnan netijeleri beýan edýän ylmy makalalary-da öz içine alýar.

Mundan başga-da, ýygynda Himiýa institutynyň pudaklaýyn ylmy-derňew institutlary, ýokary okuw mekdepleri we ýurdumyzyň senagat kärhanalary bilen bilelikde geçiren ylmy agtaryşlarynyň netijelerini beýan edýän makalalar hem girizildi.

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy makalalary her bir okyjyny gidromineral, mineral, uglewodorod we ýurdumyzyň beýleki tebigy baýlyklaryny düýpli gaýtadan işlemegiň ylmy esaslary, şeýle hem önüm almak üçin zerur tehnologiýalaryň işlenip düzülişi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem ýygynda kärhanalaryň ulanýan daşary ýurt çig mallaryny ýerli çig mal bilen çalyşmak boýunça işleýän zawodlar, olaryň ekologik ýagdaýyna baha bermek, esasy önümiň ýany bilen çykýan önümleriň we galyndylaryň ulanylmagy, lagym suwlaryň ulanylyşyna gözegçilik etmek we önümçilikde kükürdiň ulanylyşyny artdyrmak hem-de beýleki möhüm meseleler girizilipdir.

Şu ýyl Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda geçirilen ylmy we seljeriş işleriniň netijelerine görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan «Üýtgedilen kükürt çykarmagyň usuly» 870, «Antibakterial häsiýetleri ýodly serişde» – «ýodimala almagyň usuly» atly oýlap tapyş bolsa 895 belgili patent bilen hasaba alyndy.