Ï Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi geljekki diplomatlar bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi geljekki diplomatlar bilen duşuşdy

view-icon 3643
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi geljekki diplomatlar bilen duşuşdy

Şu ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwlet Myradow bilen duşuşyk geçirildi. Talyplar üçin duşuşyk ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen guraldy.

Ilçi duşuşygyň barşynda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň taryhy, häzirki ýagdaýy we geljegi, döwlet Baştutanlarynyň iň ýokary derejeli saparlary, iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy, söwda we ykdysady, ylym-bilim we medeni gatnaşyklar barada gürrüň berdi.

Ilçi D.Myradow häzirki wagtda Gruziýanyň ulag-üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygyny aýratyn belledi. Ol Gruziýanyň üstünden geçmek bilen, Owganystandan Türkiýä gidýän täze ýoluň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda geljekki diplomatlar ilçä özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowallary berdiler.