Ï Talyplar bilimlerini kämilleşdirýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Talyplar bilimlerini kämilleşdirýärler

view-icon 5495
Talyplar bilimlerini kämilleşdirýärler

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýaşlary öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge we institutda alan bilimlerini durmuşda ulanmaga gönükdirýän birnäçe çäre geçirildi.

Talyplar «Täze ýylyň öňýanyndaky netijeler. Öz ukyp-başarnygyňy ösdürmek» atly ýörite maslahata gatnaşdylar. Maslahatda tälimçi Sylap Ataýew öz-özüňi kämilleşdirmek temasyndan çykyş etdi. Tälimçi hünär saýlananda, geljekki işiň diňe bir maddy girdeji getirmek däl, eýsem lezzet hem bermegi üçin nämeden ugur almalydygy barada gürrüň berdi.

– Biziň geçirýän maslahatymyz institutyň täze TEDxDA klubunyň açylmagy mynasybetli guraldy – diýip, TMDDI-iň Uzak Gündogar dilleri bölüminiň mugallymy Agagül Amirkulowa aýtdy. – Biz oňa bäsleşik esasynda saýlanan iň gowy talyplarymyzy çagyrdyk. Şeýle hem esasy diňleýjiler institutyň «Kitap ylham çeşmesidirW atly kitap klubunyň agzalarydyr.

Soňra talyplar «Paýhas ýaryşy» atly intellektual oýna gatnaşdylar. Bäsleşigiň çäginde talyplar Türkmenistanyň taryhyna, edebiýatyna, sungatyna we beýleki pudaklara degişli soraglara jogap berdiler.

Birinji oýunda rus dili we edebiýaty fakultetiniň üçünji ýyl talyby Gözel Paltaýewa ýeňiji boldy. Ikinji oýunda şol fakultetiň birinji ýyl talyplar topary üstünlik gazandy.

Çärä gatnaşyjylaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Döwletmammet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty işjeň durmuş alyp barýar. Ýakynda şu ýerde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmeginiň ýyl dönümine bagyşlanan «Diller – dostluk köprüsi» atly iki aýlyk taslamanyň netijeleri jemlendi. 

Bu taslamanyň çäginde «Türkmenistan – ÝUNESKO» temasy boýunça bäsleşikler, ylmy we amaly maslahatlar hem-de «Paýhas synagy» geçirildi.