mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin täze wideo okuw sapaklar toplumy taýýarlanyldy

view-icon 2065
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin täze wideo okuw sapaklar toplumy taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge ýardam bermek» taslamasynyň çäginde maglumat-kommunikasiýalar tehnologiýalary boýunça wideo okuw sapaklar toplumyny taýýarlady. Sapaklar ýurdumyzyň Döwlet gullugy akademiýasynyň saýtynda  ýerleşdirildi.

Wideosapaklarda maglumatlar tehnologiýalarynyň we kompýuter tehnikasynyň esaslary boýunça maglumatlar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuw maksatnamasyna sanly sapaklaryň ornaşdyrylmagy diňleýjileriň we mugallymlaryň esasy bilim talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Wideosapaklar hünär derejesini ýokarlandyrmagyň netijeli guralydyr. Wideosapaklar tematiki düşünjeleri we adalgalary jikme-jik hem-de aýdyň düşündirip, gysga wagtda hünär bilimlerini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Döwlet gullugy akademiýasy döwlet gullukçylaryny taýýarlamakdan, olaryň hünärini ýokarlandyrmakdan we kämilleşdirmekden ugur alýar. Meselem, Akademiýada «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» düzgünlerine laýyklykda döwlet gullukçylarynda sanly dolandyryş endiklerini ösdürmäge gönükdirilen okuw işleri durmuşa geçirilýär.