mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsüminiň 2-nji tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi

view-icon 2494
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsüminiň 2-nji tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 2-nji tapgyry geçirildi.

Bäsleşik «Gadymy Hytaý we Uzak Gündogar siwilizasiýalary: köpdürli medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty» temadan geçirildi.

Ýurdymyzyň orta mekdeplerinde okaýan 16 ýaşly okuwçylar bu bäsleşikde bilim  başarnyklaryny görkezmek üçin saýlandylar. 

Geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginiň netijesinde dört okuwçy indiki oýna gatnaşmak üçin hukuk gazanmagy başardylar.

Aşgabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekçanow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülsere Garryjaýewa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki çuñlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiñ 10-njy synp okuwçysy Güljan Serdarowa ikinji saýlama tapgyrynyň ýeňijileri boldular.

Orta mekdep okuwçylarynyň bilimlerine eminler topary – taryh ylymlaryň kandidatlary, professorlar, ylmy işgärler we ýurdumyzyň uniwersitetleriniň mugallymlary baha berdiler.

Taslamanyň hemaýatkärleri hem bäsleşýänleri goldamak üçin ýygnandylar.

Taslama Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti we «Aýbölek» mebel kärhanasy hemaýatkär boldular.

Bäsleşik tamamlanandan soň, gatnaşyjylaryň hemmesine taslamanyň hemaýatkärlerinden we guramaçylaryndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebi tapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary berildi.

Häzirki wagtda bäsleşige gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda geçiriljek bäsleşigiň 2-nji möwsüminiň üçünji tapgyryna taýýarlanyp başladylar. 

3-nji möwsümiň tapgyrynyň temasy umumy şygar astynda geçirilýän «Dialog – parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» hem-de «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary» bolar.