Ï Türkmenistanyň we Özbegistanyň alymlary bilelikdäki bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Özbegistanyň alymlary bilelikdäki bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

view-icon 6086
Türkmenistanyň we Özbegistanyň alymlary bilelikdäki bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistan Respublikasynyň Innowasion ösüş ministrligi ikitaraplaýyn Ylalaşygyň çäklerinde ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini işe girizýärler.

Nano, bio we himiýa tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekelologiýa, häzirkizaman lukmançylygy we derman serişdeleri, şeýle hem ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlar boýunça ylmy işlere aýratyn üns beriler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, taslamalary türkmen we özbek alymlar topary ýerine ýerirmelidirler, olaryň hataryna doktorantlar we aspirantlar girip bilerler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda hasaba alynmazdan öň bilelikdäki taslama teklipleri türkmen we özbek alymlary ylalaşmalydyrlar.

Ýolbaşçy hökmünde her alym bäsleşige ýeke taslama teklip edip biler. Taslamanyň ady türkmen we özbek talapnamalary üçin birmeňzeş bolmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň berýän resminamalaryny doldurmak zerurdyr.

Düzgüne görä doldurylan talapnamalary 744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýolynyň 15-ji jaýy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy salga ibermeli. Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-30-89; 94-14-52.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Hökümetiniň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2022-2024-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýär.