Ï Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçiriler

view-icon 6891
Robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçiriler

18-19-njy martda «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda  «Robot tehnologiýasy» boýunça bäsleşik geçiriler.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta mekdepleriň okuwçylary we 30 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Geçiriljek «Robot tehnologiýasy» bäsleşigi birnäçe görnüşlerden : ybarat bolup olar:

– «Sumo Robot bäsleşigi»;

– «Labirint ýaryşy»;

– «Toparlaýyn proýekt ýaryşy»;

– «Gara çyzygy ak zeminde yzarlaýan robot bäsleşigi».