Ï Ýurdumyzyň talyplary ýokary matematika we nazary mehanika boýunça olimpiadalarda çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň talyplary ýokary matematika we nazary mehanika boýunça olimpiadalarda çykyş ederler

view-icon 9259
Ýurdumyzyň talyplary ýokary matematika we nazary mehanika boýunça olimpiadalarda çykyş ederler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýokary matematika we nazary mehanika boýunça olimpiadalara gatnaşmaga çagyrylýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin geçiriljek bu olimpiadany Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk instituty guraýar.

Bäsleşikler şu ýylyň 10-njy we 17-nji marty aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Welaýatlardaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bu bäsleşige onlaýn arkaly gatnaşyp bilerler.

Düzgüne laýyklykda, okuw döwründe ýokary matematika we nazary mehanika boýunça iň gowy netijeleri görkezen talyplaryň her ýokary okuw mekdebinden üçüsi bäsleşige gatnaşyp bilýär.

Bäsleşige gatnaşýan talyplara barlagnama ýumuşlary we olary çözmek üçin 120 minut berler.

Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejedäki diplomlar bilen sylaglanarlar.

Olimpiada baradaky giňişleýin maglumatlar degişli ýokary okuw mekdebiniň resmi web sahypasynda täzelikler we bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir.

Guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen habarlaşmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+99365) 81-44-82.

17-24-nji fewral aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin kompýuter grafikasy we himiýa dersi boýunça ýene iki olimpiadany geçirýändigini ýatladýarys.

Olimpiadalar iň zehinli we başarnykly talyplary kesgitlemek, talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, çylşyrymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek, tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek maksady bilen geçirilýär.